Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Golden Yarn: Haly önümçiligi üçin polipropilen ýüplükleriniň orny ✦ ✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  31.01.2025
16
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen  etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, Tejen etrap bilim bölüminiň, Tejen  etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynyň  bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe  2025-nji “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli  Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserlerini ýaş nesillere  wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýygnaga orta mekdeplerde bilim alýan kitapsöýer zehinli okuwçylar gatnaşdylar.  Okuwçylara kitaphanada  zähmet çekýän kitaphanaçylar tarapyndan gyzykly gürrüňler berildi. Kitaphanada okyjylar üçin gyzykly kitaplar ýerleşdirilen, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp  kitaplarynyň  many-mazmuny bilen ýakyndan tanyş boldular.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz  Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň  ýiti zehininden syzylyp çykan  ajaýyp eserleri  ýaş nesilleri  terbiýelemekde  görelde mekdebi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  “Ýaşlar  Watanyň daýanjy” atly  ilkinji  eserinde-de  ýaşlaryň  gazanan üstülikleri  hakynda beýan edilmegi  ösüp gelýän ýaş nesillere alýan bilimlerini  kämilleşdirmäge, dürli derslerden ders bäsleşiklere, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yglan edilýän bäsleşiklere gatnaşmaga  uly höwes  döredýär.

Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar  okamaga, döwrebap bilim almaga döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Garyman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  ýürekden  çykýan buýsanç sözlerini beýan etdiler.

             

                  Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.