Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýokary okuw mekdep tarapyndan geçirilýän daşary ýurt dilleri boýunça olimpiadalara gatnaşmak isleýänleriň haýyşnamalaryny kabul edýär.
Ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi orta mekdepleriň 11-12-nji synp okuwçylarynyň isleg bildirýänleriniň ählisini dil bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Olar üçin olimpiadalaryň tapgyrlary guralar. Şu ýylyň martyndan maý aýy aralygynda dünýä dilleri instituty nemes, iňlis, fransuz, türkmen we rus dilleri boýunça olimpiadalary nobatma-nobat geçirer.
Olimpiadalaryň bäşisiniň her biri iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyr aralykdan guralar, ikinji tapgyr Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň özünde okuwçylaryň özleriniň gatnaşmaklarynda geçiriler.
Olimpiadalaryň ýeňijileri institutyň Diplomlary hem-de sowgatlary bilen sylaglanarlar. Guramaçylar bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelän mekdep okuwçylaryň ýolbaşçy-mugallymlaryna Hormat hatlaryny gowşurarlar.
Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ýokary synp okuwçylar üçin D.Azady adyndaky TMDDI-niň saýtynda bellige aldyrmak açykdyr, şeýle hem şol saýtda olimpiadalaryň hersiniň geçirilişi barada goşmaça giňişleýin maglumatlar elýeterlidir.
Olimpiadalaryň geçirilmegi zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga, olaryň bilim we dil taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmaga, bu ugurda intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, şeýle hem okuwçylaryň gepleýiş, ýazuw we aragatnaşyk alyp barmak başarnyklaryny kämilleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.
Olimpiadalar «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar ücin Döwlet maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge ýardam bermek maksady bilen guralýar.