Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi
  31.01.2025
107
“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi

Ýakynda Tejen etrap   häkimliginde  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Tejen etrap tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşige etrabyň edara-kärhanalarynda dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlar işjeň ýagdaýda gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Şeýlelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin” diýen ugur boýunça  Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 13-nji çagalar bagynyň müdiri Bazarowa  Jennet  “Ýylyň işewir zenany”, “Berkarar döwletimizde – el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin” diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Allamyradowa Ogulhesel   ”Ýylyň çeper elli zenany”, “Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni-mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin” diýen ugry boýunça Tejen etrap Medeniýet bölüminiň Altyn asyr şäher medeniýet merkeziniň   II derejeli tansçy (artisti) Muhammetnazarowa Humaý     ”Ýylyň sungatda işjeň zenany”, “Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin” diýen ugur boýunça Tejen etrabynyň Agalaň Geňeşliginiň ýaşaýjysy Mämmäýewa Maýagözel ”Ýylyň mährem zenany”, “Obany  ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ugur boýunça  Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň  kärendeçisi Berdimyradowa Bägül  “Ýylyň öňdebaryjy oba zenany” diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

                   

      Leýli ATAÝEWA,

Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşygynyň
Tejen etrap Geňeşiniň  işgäri,
Zenanlar  guramasynyň işjeň agzasy.