Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar
  31.01.2025
253
Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 3-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

Olimpiadanyň I tapgyry etrap derejesinde bolup, ol etrap merkezinde geçiriler. I tapgyra gatnaşjak etraplardaky mekdeplerden iň zehinli okuwçylaryň 20 sanysyny mekdebiň özi hödürleýär. I tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça bolup, ol guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. I tapgyr 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-15-i aralygynda geçiriler.

Olimpiadanyň II tapgyry welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher derejesinde bolup, ol I tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda welaýat merkezinde we paýtagtymyzda geçiriler. II tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolup, olar guramaçylyk topary tarapyndan düzüler. II tapgyr 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçiriler.

Olimpiadanyň III tapgyry, ol II tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2025-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda geçiriler. Jemleýji tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolar. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş bilen bagly çykdajylary uniwersitetiň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna üpjün edilýär.

Bu olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» (Recommendation letter) berler.


Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Aşgabat şäheri boýunça jogapkär (+99365)87-88-70,

Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça jogapkär (+99362)09-09-03,

Balkan welaýaty boýunça jogapkär (+99362)60-15-78 ,

Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär (+99361)11-01-25,

Lebap welaýaty boýunça jogapkär (+99362)03-94-30,

Mary welaýaty boýunça jogapkär (+99365)88-44-29.

elektron poçta: oguzzehin@gmail.com


Çeşme: 
Türkmenistanyň Bilim ministrligi