Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Golden Yarn: Haly önümçiligi üçin polipropilen ýüplükleriniň orny ✦ ✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler
  31.01.2025
22
Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler

KUALA-LUMPUR, 2025 – 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýar. Bu möhüm çärä nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we senagat ulgamlarynda işleýän ýolbaşçylar gatnaşyp, iň soňky we geljegi uly maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrarlar.

Halkara gatnaşyjylar we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri

Forumda halkara derejede görnükli maliýe guramalarynyň, şol sanda «OPEK», BMG-niň Ýewropa ykdysady topary, Ählumumy gaz merkezi, Halkara energetika agentligi, «IRENA», Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, «BNP Paribas» hem-de Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Mundan başga-da, «Petronas», «TotalEnergies», «Dragon Oil», «CNPC», «ExxonMobil», «ADNOC» we «ENI» ýaly öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň bilermenleri çäräniň dowamynda öz tejribelerini paýlaşarlar.

TEIF 2025 – täze maýa goýum mümkinçilikleri

Parižde geçirilen «TEIF 2024» forumynyň üstünliklerine esaslanyp, guramaçylar Kuala-Lumpurdaky «TEIF 2025-iň» Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýa goýumlary artdyrmagyna garaşýarlar. Forumda «Galkynyş» känindäki tebigy gaz gorlary, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdeleri, Türkmenistanyň gazhimiýa senagaty, TAPI gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi we durnukly energetika meseleleri boýunça giňişleýin maslahatlaşmalar geçiriler.

«Durnukly, gülläp ösýän, depginli ykdysadyýete maýa goýuň» şygary astynda guraljak bu çäre halkara maýadarlara Türkmenistanda iş alyp barmak üçin täze mümkinçilikleri açar. Forum bilen baglanyşykly giňişleýin maglumatlary www.teif-turkmenistan.com resmi sahypasyndan ýa-da info@teif-turkmenistan.com elektron poçta salgysyndan alyp bolar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi