Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler
  03.02.2025
157
Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda halkara derejesindäki olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar guralar. Bu çäreleriň taýýarlyk işleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Halkara çäreler Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasynyň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriler.

28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty guralar.

10-15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.

Bu olimpiadalara we maslahatlara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň abraýly bilim ojaklarynyň wekilleri gatnaşar.

Geçiriljek çäreler ylmy-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işine itergi berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň zehin-başarnygyny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda möhüm ädimleriň atylýandygyny belläp, bu teklipleri goldady we degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini tabşyrdy.