Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Tebigat /Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi
  01.02.2025
141
Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýokary öndürijilikli kärhanalaryň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu kärhanada dokma pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Häzirki wagtda «Balkandokma» kärhanasynyň hünärmenleri ösen tehnologiýalardan we kämil önümçilik usullaryndan peýdalanyp, önümleriň hilini we möçberini artdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kärhananyň önümleri – ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýüplükler – içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Geçen 2024-nji ýylda kärhananyň zähmetsöýer işgärleri 4210 tonna ýüplük öndürip, önümleriň umumy maliýe möçberini 135 million manada ýetirdiler. Häzirki wagtda kärhanada önümçilik işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagy Bitaraplyk ýylynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyklaryň bir bölegi hökmünde bellenilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Züleýha ALLABERENOWA,

S.A. Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
2-nji ýyl talyby.