Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler
  03.02.2025
135
HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ne gibrid formatda «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerimiziň mugallymlarynyň häzirki zaman usullarynyň ulanylyşy barada özara tejribe alyşmagy üçin bu okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys!

Maksatlary:

  • 2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň başlanmagy bilen, ýaş nesle berilýän ylym-bilimiň hilini gowulandyrmak;
  • Türkmenistanyň ýokary, orta hünärmen okuw mekdeplerinde öwredilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň hilini gowulandyrmak babatynda okatmagyň usulyýetini guramaçylyk-usuly, innowasion-pedagogik, okuw-usulyýet nukdaýnazardan has-da kämilleşdirmegi, şeýle hem, daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek;
  • halkara hyzmatdaşlygy netijesinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin dünýä ylmynda işlenip taýýarlanylan täze usullary iş ýüzüne geçirmek;
  • mugallymlaryň daşary ýurt dillerini öwretmegiň tärlerini we usullaryny ulanmak endiklerini kämilleşdirmek;
  • özara tejribe alyşmak arkaly dil öwretmekde başarnyklaryny ösdürmek.

«Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti we olary öwretmegiň işjeň we innowasion usullaryny peýdalanmagyň tärlerine bagyşlanan temalarda çykyş etmek meýilleşdirilýär.

Reglament: 5-7 minut.

Maslahat: türkmen, iňlis, rus, nemes dillerinde geçiriler.

Bu halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýän mugallymlar saýlap alan temasy boýunça çykyşyny we degişli maglumaty nusga laýyklykda dolduryp 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli tdimddk@gmail.com elektron-salga, guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmaly.

Çykyş etmek üçin saýlanyp alnan temalar boýunça mugallymlaryň hasaba alnandyklary baradaky maglumat mugallymlaryň elektron salgylaryna 23-nji fewrala çenli ugradylar.

Halkara okuw-usuly maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda 28.02.2025 senede sagat 14:00-da başlanýar (Aşgabat wagty).

Habarlaşmak üçin:
Tel:+993 61201906
E-poçta:
tdimddk@gmail.com