Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦ ✦ Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Hukukçy talyp Ýaponiýada tejribe toplady ✦
Baş sahypa / Saglyk /Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly
  24.12.2024
195
Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly

Kastilla La Mança uniwersitetiniň ispan alymlary ýöremegiň peýdalary barada täze gözlegleriň netijelerini çap etdiler. Hünärmenleriň pikiriçe, günde 10 000 ädim ýöremek depressiýa howpuny ep-esli azaldar. Adam bir günde näçe köp ýörese, depressiýa düşmek ähtimallygy şonça-da pes bolar.

Alymlar dürli ýurtlardan gelen 96,000 sany orta ýaşly we garry adamlar baradaky maglumatlary öz içine alýan 33 sany adamy gözden geçirdiler. Maglumat ýygnamak üçin, her ädimiň sanyny yzarlamak üçin döredilen fitnes bilezikleri ulanyldy. Deslapky gözleg hökmünde bäş müň ädim ýörän adamlar gözden geçirildi. 5 müň ýa-da ondan köp ädim ýöränleriň depressiýa howpunyň 9 göterim pesdigi ýüze çykdy. Günde 7000 ädim ýöränleriň depressiýa howpy günde 5000 ädim ýa-da ondanam az ýöränlere garanyňda 31 göterim pesdir. 

Mysal üçin, 2021-nji ýylda “JAMA Network Open” žurnalynda çap edilen bir barlagda, günde 7 000 ädim ýöreýän orta ýaşly adamlaryň ölüm howpunyň ep-esli azalandygyny görkezdi.

Hünärmen Estela Jimenez-Lopez: "Gündelik pyýada ýöremek 7500 ädimden ýokary bolsa, depressiýa howpy 43% azalýar. Bu netije ähli ýaş toparlaryndaky aýallar we erkekler üçin deňdir" -diýdi.

Fiziki işjeňlik öňden bäri tebigy anti-depressiýadygy mälim, ýöne uzak aralyga pyýada ýöremek, aerobika, agyr atletika, ýoga we taý çi (Hytaýyň söweş sungaty) ýaly çylşyrymly sport görnüşleri ýaly peýdalydygy we täsirli bolýandygy görkezildi. Ýöremek bilen adam depressiýa garşy göreşip biler diýip alymlar belläp geçýärler.

Tawus ÖWEZMÄMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 
1-nji ýyl talyby.