Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamanyň IV möwsüminiň III oýny geçirildi.
Bäsleşige Aşgabat, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky orta mekdeplerden 12-nji synp okuwçylary gatnaşdy. Olar «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty: parahatçylyk döredijilik dialogynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň güýji» temasyna görä taýýarlanan ýumuşlar bilen çykyş etdiler.
Bäsleşigiň dowamynda ýaş zehinler bilim we ukyplarını, taýýarlyklaryny eminlere görkezmekde uly üstünlik gazandylýar. Her bir okuwçy öz pikiri bilen çykyş edip, ýeňiji hökmünde bellenilmäge mynasyp boldy. Netijede, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň okuwçysy Atajan Atadurdyýew we 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Baýmyradow ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşanlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlary, şeýle hem çäräniň hemaýatkärleriniň sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bägül SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.