Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda hormat bilen ady tutulýan beýik şahsyýetleriniň biri-de XIII asyrda Kiçi Aziýada bekdaşylyk mekdebini esaslandyran türkmen piri Hajy Bekdaş Welidir.
Hajy Bekdaş Weliniň ýaşan ýerleri, il içindäki hormaty, ylymdaky derejesi baradaky maglumatlar edebiýatyň taryhynda orta asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Ol edebiýat äleminde «Hajy Bekdaş Weli», «Hajy Bekdaş Horasany», «Hüňkär Hajy Bekdaş al-Horasany», «Hajy Bekdaş Hüňkär», «Bekdaş Hüňkär» we «Türkmen şyhy» diýlip tanalýar. XIII asyrda mongollaryň basybalyjylykly ýörişi döwründe köp sanly türkmen alymlary ýaly, Hajy Bekdaş Weli birnäçe türkmen tire-taýpa wekilleri bilen bilelikde Anadola göçüp barypdyr.
Hajy Bekdaş Weli hakyndaky ýatlamalarda onuň aslynyň türkmenleriň bekdaş taýpasyndan gelip çykandygy aýratyn bellenilýär. Osmanly döwletiniň orta asyrlar taryhyna degişli sene ýazgylarynda her tire-taýpanyň öz baştutanynyň ady bilen ýatlanylandygy hakynda söz açylanda, Hajy Bekdaş Welä bagly uly bir bekdaş taýpasynyň bolandygy hakynda bellenilýär.
Hajy Bekdaş Weliniň ömür ýoly hakyndaky maglumatlary öwrenmek üçin, esasan, «Menakyb-y Hünkär Hajy Bekdaş Weli» atly esere salgylanylýar. Kitap onuň ýaşan döwründen başlap, XV asyryň ahyrlaryna çenli bekdaşylyk mekdebiniň ýörelgelerine eýerijileriň arasynda dilden-dile geçip gelen rowaýatlary öz içine alýar. «Welaýetname-i Hajy Bektaş» ýa-da diňe «Welaýatname» atlary bilen hem tanalýan bu eser Hajy Bekdaş Weliniň taryhy şahsyýetlik keşbini we onuň Hoja Ahmet Ýasawynyň ýörelgelerine eýerendigine degişli maglumatlary öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Abdyrahman Jamy «Nefahatynda»: «Hajy Bekdaş Weli türkmen welaýatynda ýatyr. Weli we keramat eýesidir. ...Meşhur we şöhratly, älem halkynyň sygnyp peýda tapan ynsanydyr» diýip belläpdir.
Hajy Bekdaş Weli Jelaletdin Rumy, Ýunus Emre dagy bilen hem döwürdeşdir. Şeýle bolansoň, olaryň ömri we döredijiligi hakynda gürrüň edilende, üçüsiniň durmuş arabaglanyşygy, edebi gatnaşygy hakynda durlup geçilýär. Aýratyn-da, Rumynyň türkmen dilindäki şygyrlary barada söz açylanda, Hajy Bekdaş Weliniň hem öz ene dilinde şygyr ýazandygy nygtalýar. Hajy Bekdaş Weli Ýunus Emräniň hormat goýan şahsyýetleriniň biridir. Aýratyn-da, Ýunus Emräniň ylym, döredijilik ýolunyň başlangyç döwrüniň Hajy Bekdaş Weli bilen baglanyşdyrylmagy özboluşly häsiýete eýedir. Hajy Bekdaş Weli Hoja Ahmet Ýasawynyň mekdebiniň ýörelgelerini dowam etdirijileriň biri hökmünde ýatlanylýar. Alym F.Köprüliniň bellemegine görä, Ahmet Ýasawynyň ýol-ýörelgelerinden öz gözbaşyny alyp gaýdýan tarykatlaryň biri hem bekdaşylykdyr.
Türkmen edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginde Hajy Bekdaş Weliniň özboluşly orny bar. Magtymguly Pyragy özüniň «At islärin» atly şygrynda Hajy Bekdaş Welini:
Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,
Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr,
Feridun bir öwlüýädir,
Baryndan hümmet islärin —
diýen setirlerinde ýatlapdyr we ony özüniň ruhy halypasy hökmünde hormatlandygyny, onuň ruhuna sygnandygyny mälim edipdir. Garajaoglan bolsa:
Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri,
Konýada ýoklaýyn Molla Hüňkäri,
Içelden, Antepden, Güründen bäri
Gezsem, ajap mawy donlym barmydyr?
— diýip, Hajy Bekdaşy Welini «şahyrlaryň piri» hökmünde hormatlapdyr.
Nesil terbiýesiniň kämilligini gazanmaga uly üns beren Hajy Bekdaş Weliniň «Makalat» atly eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy many-mazmun ruhy-ahlak kämilligini gazanmak arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmekden ybaratdyr. Beýik pir ynsan mertebesini belent tutmagy, halklaryň dostlugyny gazanmagy, deňhukuklygy ündäpdir, ýagşylyk etmek arkaly birek-biregi goldamagy adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm gymmatlygy hökmünde belende göteripdir. Hajy Bekdaş Weliniň: «Meniň üç sany eý görýän dostum bardyr. Men dünýeden ötenimde olaryň biri öýde galar, biri ýolda galar, biri bolsa meniň bilen gider. Öýde galjak maldyr. Ýolda galjak dogan-garyndaşlarymdyr. Meniň bilen bile gitjek bolsa eden ýagşylyklarymdyr» diýendigi ýatlanylýar. Ol: «Köňül — şähristana, ten bolsa ol şäheriň galasyna meňzär» ýa-da: «Bir çüýşäniň içine ýaramaz zady goý-da, agzyny berk ýapyp, deňze okla. Birsellem deňizde galsyn. Ol gabyň daşynyň suwuň içinde ýuwlup durandygyna, hatda on ýyla çenli ýuwlup durandygyna garamazdan, içindäki ýaramazlyk üýtgemez» diýip, ýagşy niýetlilige, gowy gylyklylyga çagyrypdyr, durmuş-ýaşaýyş meseleleriniň çözgüdiniň adamyň gylyk-häsiýetinden gözbaş alýandygyny teswirläpdir.
Dinara JUMAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.