Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Görünmeýän dünýäniň fizikasy
  21.12.2024
26
Görünmeýän dünýäniň fizikasy

Kwant mehanikasy – tebigatyň iň kiçi bölejikleriniň hereketlerini öwrenýän ylym pudagy bolup, ol tebigatyň adaty logika bilen düşündirip bolmaýan täsinliklerini öz içine alýar. Bu ylym atomlaryň we olaryň düzümindäki bölejikleriň häsiýetlerini öwrenmek bilen diňe bir tebigatyň çuňňur syrlaryny açman, eýsem gündelik durmuşyň tehnologiki ösüşlerine hem täsir edýär. Kwant mehanikasynyň tebigaty düşündirýän kada-kanunlary käte biziň düşünjämizden daş görünse-de, onuň täsirleri gündelik durmuşymyzda möhüm orun eýeleýär.

 

Adaty durmuşda bir zat diňe bir ýerde bolup biler. Emma kwant mehanikasynda bir bölejik (mysal üçin elektron) bir wagtda birnäçe ýerde bolup bilýär. Bu hadysa "superpozisiýa" diýilýär. Mysal üçin, elektron bir ýerde hem barlykda bolup, hem ýok bolup biler. Şu düşünje kwant kompýuterleriniň işleme prinsipiniň esasyny düzýär. Kwant kompýuterleriniň bu aýratynlygy sebäpli uly maglumatlary adaty kompýuterlerden ýüzlerçe esse çalt işläp bolýar.

 

Kwant mehanikasynda iň täsin hadysalaryň biri "kwant içginligi" bolup, iki bölejik biri-birinden millionlarça kilometr uzaklykda bolsa-da, biri-birine täsir edip bilýär. Mysal üçin, bir bölejigiň ýagdaýy üýtgese, beýleki bölejik şol üýtgeşiklik barada "habarly bolýar". Bu bolsa maglumat aragatnaşygynda adaty tizlik çäklendirmelerini bozup, "sanly dünýämizi" has çaltlaşdyryp biler.

 

Kwant mehanikasynyň täsiri diňe ylmy barlaghanalarda däl, eýsem gündelik durmuşda hem ýüze çykýar. Lazer tehnologiýasy kwant mehanikasynyň ýagtylyk bilen elektronlaryň özara täsirini öwrenmeginden döredi. Bu tehnologiýa saglyk, aragatnaşyk, we howpsuzlyk ýaly köp pudakda ulanylýar.GPS ulgamynyň işleýşi wagtyň tizligi (relýatiwlik) bilen bagly bolup, bu ulgam kwant teoriýasy arkaly has takyklaşdyrylýar.Kwant mehanikasy energiýanyň has netijeli öndürilmeginiň esasyny düzýär. Kwant gün batareýalary energiýany has täsirli öndürýär.

 

Kwant mehanikasy diňe bir ylmy nazaryýet däl, eýsem adamzadyň durmuşyny üýtgedýän tehnologiki guraldyr. Ol bize atomlaryň we ýagtylygyň çuňňur syrlaryny açmaga kömek edýär, adamzadyň ösüşine täze mümkinçilikler döredýär. Kwant mehanikasynyň bu günki ösüşleri geljekde dünýäniň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat eder. Bu ylym bilen işjeň meşgullanmak, diňe bir syrlary çözmek bilen çäklenmän, adamzat durmuşyny gowulandyrmaga uly goşant goşar.

 

Reýimbergen ORUNBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk inistitutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek
fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby.