Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde bir gije-gündizde 30 müň kub metr arassa suw öndürmäge ukyply suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda gündelik 15 müň kub metr lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary geçirildi. TDH-nyň habar bermegine görä bu desgalar Türkmenistanyň suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna gönükdirilen strategiýasynyň çäklerinde gurlup, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Täze desgalar, diňe bir ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak bilen çäklenmän, lagym suwlaryny arassalamak arkaly ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem artdyrar. Gökdepe etrabynda täze gurlan desga, zeýkeş we kollektor suwlaryny arassalap, olaryň gaýtadan peýdalanylmagyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, ýerli häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olar suw arassalaýjy desgalaryň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnajakdygyny bellediler.
Täze desgalar dünýä belli önüm öndürijileriň iň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Desgalarda arassalaýyş işleriniň ýokary netijeliligini üpjün edýän suw süzgüç we himiki arassalaýyş tehnologiýalary ulanylar. Bu işler ekologiýa taýdan durnuklylyk ýörelgelerine doly laýyk gelýär.
Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynda täze gurlan desgalar halkara standartlaryna laýyklykda gurlup, suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda we ilatyň arassa suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda möhüm orny eýelär. Mundan başga-da, desgalaryň gurluşygy ýerli we halkara hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup, Türkmenistanda ekologiki durnuklylygyň üpjün edilmegine ýene bir goşant goşýar.
Tuwakgül HOJAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň matematika we
informatika kafedrasynyň uly mugallymy.