Ruhy saglyk adamyň emosional we psihologik durnuklylygynyň esasy görkezijisidir. Ol diňe bir adamynyň özüni oňat duýmagyna täsir etmän, eýsem, onuň pikirlenişine, hereketlerine we daş-töweregi bilen gatnaşyklaryna hem uly täsir edýär. Şeýle hem ruhy saglygyň adamynyň fiziki saglygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy ylmy taýdan subut edilendir.
Ruhy saglyk näme?
Ruhy saglyk – bu adamyň emosional durnuklylygyny, streslere garşy durmak ukybyny we durmuşda oňyn garaýyşlary saklamagyny aňladýar. Ol adamyň gündelik durmuşda döräp biljek kynçylyklary ýeňip geçmegine, işde we şahsy durmuşda öz maksadyna ýetmegine ýardam berýär.
Saglygyň bu görnüşi diňe bir keseliň ýoklugy bilen ölçenmeýär. Ruhy taýdan sagdyn adam, köplenç:
Ruhy saglygyň adama täsiri
Ruhy saglygyň adama edýän täsirini birnäçe ugurdan synlap bolar:
Fiziki saglyk: Ruhy taýdan sagdyn adamda ýürek-damar we immun ulgamynyň işjeňligi kadaly bolýar. Stresden we depressiýadan ejir çekýän adamlar köplenç ýokary gan basyşy, ýürek agyrylary ýaly fiziki saglyk kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Durmuş hiline täsiri: Ruhy taýdan sagdyn adam durmuşdan has lezzet alyp, özüni bagtly duýýar. Ol durmuşda ýüze çykýan meseleleri çözmekde has ukyply bolýar.
Iş ukyby: Ruhy taýdan durnuklylyk iş öndürijiligine oňyn täsir edýär. Adam öz maksadyna ýetmek üçin has güýçli motiwasiýa we döredijilikli pikirleniş ukybyny görkezýär.
Jemgyýetçilik gatnaşyklary: Ruhy taýdan durnukly adam öz daş-töweregi bilen sazlaşykly gatnaşyk saklaýar. Ol öz ýakynlary bilen dostlukly, düşünjeli aragatnaşyk gurup bilýär.
Ruhy saglygy goramak üçin maslahatlar
Ruhy saglygy saklamak we ösdürmek üçin saglyk hünärmenleri aşakdaky maslahatlary berýär:
Kadaly ukyny üpjün ediň: Gijelerine 7-8 sagat uklamak bedeniňizi we ruhuňyzy durnuklaşdyrar.
Sport bilen meşgullanyň: Fiziki maşklar ruhy durnuklylygy saklamaga we stres derejesini peseltmäge ýardam edýär.
Iýmitlenişiňize üns beriň: Witaminlere we mineral maddalara baý iýmitler, esasan hem omega-3 ýagly turşulyklaryňy saklamak ruhy ýagdaýy gowulaşdyrýar.
Stresi azaltmagyň usullaryny ulanyň: Meditasiýa, kitap okamak, tebigatda gezelenç etmek ýaly işler rahatlyk gazanmak üçin peýdalydyr.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş syýasatynda ruhy saglygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet tarapyndan alnyp barylýan saglygy goraýyş maksatnamalary we jemgyýetçilik wagyz-nesihat işleri bu ugurda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Bilim edaralarynda we saglygy goraýyş merkezlerinde ýaşlaryň we ilatyň ruhy saglygyny goramak maksady bilen ýörite çäreler geçirilýär.
Jennet ILAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa
we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.