Bilim adamzat jemgyýetiniň ösüşinde iň möhüm orun eýeleýän gymmatlyklaryň biri bolup durýar. Ol jemgyýetiň intellektual, ykdysady we medeni ösüşiniň esasyny düzýär. Şonuň üçin hem bilimiň hilini ýokarlandyrmak we elýeterligini üpjün etmek her döwletiň esasy maksady bolup, onuň geljeginiň ygtybarly binýadyna öwrülýär.
Bilim diňe bir şahsyýetiň ösüşini üpjün etmän, eýsem jemgyýetiň ähli ugurlarynda öňegidişlik üçin esas bolup çykyş edýär. Okuwly adam jemgyýete has täsirli goşant goşup, onuň durmuş, ykdysady we tehnologik ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň çalt ösüşi bilen bilim hem döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmuna eýe bolýar.
Türkmenistanda bilim ulgamy döwrebap talaplara laýyklykda ösdürilip, ýaş nesliň belent derejede bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň we mekdepleriň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Bilim diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine hem uly goşant goşýar. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna we gymmatlyklaryna esaslanýan bilim ulgamy, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegini üpjün edýär.
Mekdeplerde berilýän başlangyç bilimden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy işler jemgyýetimiziň intellektual derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Okuw mekdeplerinde diňe bir akademik bilim däl-de, eýsem ekologik, medeni, sport we innowasiýa ugurlary boýunça hem bilim berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ähli ugurlarda işjeňligini artdyrmaga ýardam edýär.
Bilimli we terbiýeli nesil her bir döwletiň gülläp ösmeginiň esasy şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň bilim ulgamy diňe bir içerki ösüş bilen çäklenmän, halkara derejesinde hem uly üstünliklere eýe bolýar. Daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylýan ylalaşyklar, halkara bäsleşiklerde gazanylýan ýeňişler munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Onuň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyna goýulýan maýa goýumlary ýurdumyzda güýçli, bilimli we döwrebap düşünjeli nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.
Amandursyn MÄLIKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.