Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ukynyň adam saglygyna täsiri
  30.12.2024
188
Ukynyň adam saglygyna täsiri

Uky, bedeniň we akyl saglygynyň esasy ýagdaýyny üpjün edýän möhüm bir faktordyr. Adamyň gündelik işjeňligini we umumy ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ukynyň hiliniň we mukdarynyň örän ähmiýeti bardyr. Ukysyzlyk ýa-da uky ýetmezçiligi, bedeniň dürli ulgamlarynda we psihologiýa taýdan köp zorluklara sebäp bolup biler. Ukynyň adamyň saglygyna ýetirýän täsiri barada soňky ýyllarda edilen ylmy barlaglar, ukynyň diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem saglyk üçin hem möhüm orna eýe bolup, adam bedeniniň we beýniniň saglygyny üpjün etmäge kömek edýändigini görkezýär.

  • Immun ulgamyny güýçlendirmek

     

Uky, bedeniň saglygyny saklamak üçin zerur bolan immun ulgamynyň güýçlenmeginde möhüm rol oýnaýar. Uky wagtynda bedendäki we beýnidäki bakteriýalar we wiruslaryň öňüni almak üçin zerur bolan garşylygy güýçlendirilýär. Uky ýetmeçiligi, immun ulgamynyň işini peseldip, dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

  • Gan aýlanyş ulgamyna täsiri

     

Ukynyň ýürek we gan damarlara bolan täsiri hem möhüm bolup, ukysyzlyk ýürek keselleriniň we arterial basyşyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Gözegçilik edilýän ylmy barlaglar, ukysyzlygyň ýürek-damar keselleriniň, şekerli diabetyň we gan basyşynyň ýokary bolmagyna alyp barýandygyny görkezýär.

Uky, ýadyň we konsolidasiýasynyň esasy tapgyrydyr. Konsolidasiýa — bu, bir zat ýa-da bir ýagdaýyň berkidilmegi, pugtalanmagy we uzak möhletleýin saklanylmagy prosesidir. Çuňňur uky wagtynda beýni täze maglumatlary işleýär we deňagramlylygy saklamaga kömek edýär. Şeýlelik bilen, ukysyzlyk ýa-da ýeterlik bolmadyk uky, ýadyň peselmegine sebäp bolup biler.

Uky, adamlaryň psihologiki ýagdaýyny, ýagny emosional ýagdaýlaryny hem düzetmekde möhüm orun tutýar. Ukysyzlyk, adamda stres, agyry we depressiýa ýaly psihologiki ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Uky, adamyň saglygyny saklamak, ýady gowulandyrmak, bedeniň işini güýçlendirmek we psihologiki ýagdaýyny gowulandyrmak üçin möhüm faktordur. Ukysyzlygyň adamyň saglygyna ýetirýän täsiri, bedeniň we beýniniň köp saglyk meselelerine sebäp bolup biler. Şonuň üçin, ukynyň hiline we mukdaryna üns bermek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň biridir.
 

Baýramgözel BAKYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň  mugallymy.