Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri
  04.01.2025
95
Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri

Beýni keselleri diňe bir fiziki taýdan täsir etmek bilen çäklenmän, psihologiki taýdan hem uly kynçylyklary ýüze çykaryp bilýär. Beýniniň dürli bölekleriniň zeperlenmegi ýa-da olaryň işiniň bozulan ýagdaýlary näsagyň emosional ýagdaýyna, gündelik durmuşyna we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edýär. Beýni keselleri, esasanam insult ýaly ýagdaýlar, näsagyň emosional ýagdaýynda uly üýtgeşmeleri döredip bilýär. Şolaryň arasynda iň köp duş gelýänleri şulardan ybaratdyr:

 

  • Beýni zeperlenmelerinden soň ýüze çykýan ýagdaýlaryň biri, näsagyň emosional ýagdaýyny dolandyrmakdaky kynçylykdyr. Şol sebäpli näsaglar çalt gaharlanmak ýa-da ýalňyşlyk bilen aşa emosional reaksiýalar bermek ýaly ýagdaýlary başdan geçirýärler.

 

  • Fiziki mümkinçilikleriň çäkliligi we özbaşdak hereket etmegiň kynçylygy näsaglaryň umytsyzlyk duýgularyny artdyryp bilýär.

 

  • Beýni kesellerinden soň döräp bilýän psihologiki ýagdaýlaryň biri hem sosial ýapyklyk we özüňi daşlaşdyrmak duýgusydyr.

 

Beýniniň emosional we psihiki funksiýalaryny dolandyrýan bölekleriniň zeperlenmegi dürli bozulmalary döredip biler. Maşgala agzalarynyň näsaglary ruhlandyrmakda we psihologiki taýdan goldamakdaky orny örän möhüm bolup, sagalma döwrüne oňyn täsir edýär. Näsaglaryň fiziki saglygyny dikeltmek bilen birlikde, olaryň psihologiki deňagramlylygyny saklamak üçin maşgala goldawy zerurdyr. 

 

Beýni kesellerinden soň näsaglaryň durmuş hilini gowulandyrmak, olaryň fiziki, emosional we sosial ukyplaryny täzeden dikeltmek bilen bagly çemeleşmeleri talap edýär. Häzirki zaman lukmançylygy bu ugurda köp sanly täze usullary we tehnologiýalary hödürleýär. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen beýni kesellerinden soňky reabilitasiýada täze mümkinçilikler döredi:

 

Mysal üçin, wirtual hakykat arkaly sport oýunlaryny ýa-da gezelençleri simulirlemek. Ýatkeşligi ösdürýän we stresi azaltmaga gönükdirilen goşundylary ulanyp bolýar. Näsaglar uzakdan lukmanlar we terapewtler bilen aragatnaşyk saklap, maslahat we reabilitasiýa hyzmatlaryny alýarlar.

 

Beýni keselleriniň täsirleri diňe bir fiziki taýdan däl-de, psihologiki taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Bu kynçylyklaryň wagtynda ýüze çykarylmagy we bejergi meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegi näsaglaryň sagalma ýoluny ýeňilleşdirýär. Maşgalanyň, jemgyýetiň we saglygy goraýyş işgärleriniň bilelikdäki tagallasy arkaly beýni kesellerinden soňky psihologiki kynçylyklary ýeňip geçmek has hem aňsat bolýar.

 

 

Bahargül Meredowa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa
we medisina psihologiýasy kafedrasynyň asistenti.