Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2025-nji “Halkara parahatçylygy we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatyny raýatlara düşündirmek maksady bilen Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary hem-de kärhanada zähmet çekýän işgärler gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arassa ahlakly, berk-bedenli, sagdyn-ruhly, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin halkymyzyň bolelin eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary netijesinde alyp barýan tutumly işleri barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Mundan başga-da ilat arasynda durmuşa geçirilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar hem-de olary ýerine ýetirmekde, sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmek hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri esasynda maşgala berkligini gazanmak barada nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Bägül Gurbanowa
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni