Uky bedeniň we beýniniň dynç almagy, energiýa ýygnamagy üçin iň möhüm wagtydyr. Emma onuň diňe bedene däl, eýsem adamyň ruhy saglygyna hem uly täsir edýändigini bilýärdiňizmi? Uky ruhy durnuklylygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy şerti bolup durýar. Geliň, ukynyň ruhy saglyga nähili täsir edýändigine göz aýlalyň.
1. Adam ýeterlik uklanda beýni emosional ýagdaýlary kadalaşdyrýar. Eger uky ýetmezçilikli bolsa, adamda gaharlanma, keýpsizlik ýa-da aladalanma has güýçlenýär. Şeýle ýagdaýlar bilen köp ýüzbe-ýüz bolýan bolsaňyz, bu ukynyň ýetmezçiliginden bolup biler.
2. Uky wagtynda bedeniň stres gormonlary azalýar, beýni we nerw ulgamy dynç alýar. Eger gowy uklamasaňyz, bedeniňizde kortizol diýen stres gormony köpeler we siz her zada tiz gaharlanýan ýa-da aladalanýan bolup bilersiňiz.
3. Uky wagtynda beýni alnan maglumatlary "ýat" görnüşinde tertipläp saklaýar. Şonuň üçin uky ýetmezçiligi adamyň bir zady ýatda saklamagyny kynlaşdyrýar we pikirlenmek ukybyny peseldýär.
4. Depresiýa, aladalanma ýa-da başga ruhy kynçylyklary bolan adamlar üçin uky bejerginiň bir bölegi bolup durýar. Ukynyň kadaly bolmagy bu keselleriň alamatlaryny ýeňilleşdirýär.
Uky ýetmezçiligi nämelere sebäp bolup biler?
Eger adam kadaly uklamasa, birnäçe meseleler ýüze çykyp biler:
- Uky ýetmezçiligi adamlary göwniçökgin we aladaly ýagdaýlara getirýär.
- Uky ýetmezçiligi adamda dartgynly ýagdaýa tiz reaksiýa bermäge we gaharlanma döretmäge sebäp bolýar.
- Ukynyň ýetmezçiligi diňe ruhy däl, bedeniň saglygyna hem zyýan ýetirýär. Ýadawlyk, kelleagyry ýa-da immunitetiň peselmegi bolup biler.
Sagdyn uklamak üçin nämeler etmeli?
- Her gün şol bir wagtyň özünde ýatmaga we oýanmaga çalşyň. Bu beden sagadyňyzy kadalaşdyrar.
- Ukydan 1 sagat öň elektron enjamlary ulanmaga çäklendirme giriziň.
- Otagyňyzyň sowuk, asuda we garaňkyrak bolmagyny üpjün ediň.
- Gijeki agyr naharlar ukynyň hilini bozup biler. Uklamankaňyz ýeňil iýmitleri saýlaň.
- Günüň dowamynda ýöremek ýa-da sport bilen meşgullanmak ukyny gowulandyrýar.
Uky we ruhy saglyk biri-birine berk baglanyşyklydyr. Kadaly uky adamyň göwnüni açýar, stresden goraýar we gündelik durmuşdan lezzet almaga ýardam edýär. Ukysyzlyk bolsa, psihiki kynçylyklary we keýpsizligi artdyryp biler. Şonuň üçin her gün wagtynda we sagdyn uklamak, ruhy saglygyňyzy goramagyň iň möhüm şerti bolup durýar.
Allamyrat Galandarow
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa,
narkologiýa we medisina psihologiýasy
kafedrasynyň mugallymy.