Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti
  09.01.2025
50
Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti

Häzirki zaman ylmy we tehnologiýalary adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere getirýär. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar aýratyn orun tutýar. Nanotehnologiýalar iň kiçi bölejikleriň, ýagny nanohasaply ölçegleriň dolandyrylmagynda ulanylýan ylmy-tehnologik ugur bolup, lukmançylykda hem olaryň ähmiýeti günsaýyn artýar. Bu tehnologiýalar, esasan, kesel bejergilerinde, diagnoz goýmakda we öňüni alyş işlerinde öňdebaryjy bolup durýar.

 

Nanotehnologiýalaryň lukmançylykda ulanylyşy birnäçe esasy ugurlara bölünýär. Olaryň käbiri barada gysgaça durup geçeliň. 

 

Nanodiagnostika - nanotehnologiýalaryň kömegi bilen irki diagnoz goýmak üçin ulanylýar. Mysal üçin, nanohasaply datçikler arkaly howply keselleriň, şol sanda onkologiýanyň başlangyç tapgyrlaryny anyklamak mümkinçiligi bar. Bu tehnologiýa keseli ir anyklap, degişli bejerginiň tiz başlanmagyny üpjün edýär.

 

Nanoterapiýa - dermanlaryň diňe bir keselli öýjüklere gönükdirilip, beýleki sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden işjeňligi üpjün edýän usuldyr. Bu usul aýratyn hem rak keseliniň bejergisinde netijelidir. Nanokapsulalar ýa-da nanoköýnekçeler arkaly derman serişdeleri islenýän ýere çenli daşalýar we olaryň täsirliligi ýokarlanýar.

 

Nanomateriallar - nanotehnologiýalar protezlerde we implantantlarda ulanylýan ýokary hilli nanomateriallary öndürmäge mümkinçilik berýär. Nanomateriallar adamlaryň bedenine biologiki taýdan sazlaşykly bolup, uzak möhletleýin hyzmat edip bilýär. Mysal üçin, süňk implantantlary ýa-da emeli damarlaryň öndürilmeginde nanotehnologiýalaryň ulanylyşy bejerginiň netijeliligini artdyrýar.

 

Bu tehnologiýalar ylmyň gazananlary esasynda öwrenilip häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlarynda giňden peýdalanylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda nanotehnologiýalaryň beýleki ugurlara seredenimizde birnäçe artykmaçlyklary bar. Mysal üçin nanotehnologiýalar kömegi bilen keselleriň ilkinji tapgyrlarynda anyklanmagy saglyk ýagdaýyny gowulaşdyrýar, nanoterapiýa arkaly dermanlar diňe zerur ýerlere täsir edýär we bejergi wagtynda peýdaly netijeler gazanylýar, nanomateriallar öňküden has berk, ýeňil we çydamly serişdelerdir.

 

Nanotehnologiýalaryň ösmegi bilen lukmançylykda has köp mümkinçilikler peýda bolýar. Geljekde gen bejergisinde nanotehnologiýalaryň ulanylyşy, molekulýar operasiýalar we indiwidual bejergi usullarynyň ösdürilmegi ähtimaldyr. Şeýle hem, häzirki wagtda ösüşde bolan nanorobotlar keselli öýjükleri ýok etmek ýa-da sagdyn öýjükleri dikeltmek maksady bilen ulanylyp başlandy.

 

Bu ugur lukmançylygyň ösmegine itergi berýän möhüm ylmy ugur bolup, olaryň ähmiýeti geljekde has-da artar. Keselleriň irki diagnozyny goýmak, olaryň netijeli bejergisini üpjün etmek we ynsan ömrüniň hilini ýokarlandyrmakda nanotehnologiýalaryň orny örän ulydyr. Şonuň üçin, bu ugurda alnyp barylýan barlaglaryň we açyşlaryň dowam etdirilmegi adamzat saglygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

 

Mähri Daňatarowa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.