Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolup durýar. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrman, eýsem, dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant goşýar.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň teklibi bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu başlangyjy dünýäniň 86 döwleti awtordaşlyk edip goldady. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara derejesindäki işjeňligiň we parahatçylyk söýüji syýasatynyň netijesidir. Kararnama dünýä döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
2025-nji ýylyň şygary hökmünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» adynyň saýlanyp alynmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligine esaslanýar. Onuň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy türkmenleriň milli ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilik ruhuna ajaýyp laýyk gelýär. Bu pikir dünýä bileleşiginde hem giň goldawa eýe boldy.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara syýasatynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly we ynanyşykly geljege bolan ymtylyşyny görkezýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly hökmünde 2025-nji ýyl, dünýä halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we dostlugyň täze sahypasyny açar. Türkmenistanyň bu başlangyjy, ähli adamzat üçin durnukly we bagtyýar geljegi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň biri bolup durýar.
Mähri Daňatarowa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.