Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Burçly gülhatma – Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümligi ✦ ✦ Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby boýunça maslahat geçirildi ✦ ✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Saglyk /Narpyzyň adam saglygyna täsiri
  12.01.2025
18
Narpyzyň adam saglygyna täsiri

Ata Watanymyz Türkmenistanda ýer ýüzünde Günüň üýtgeşik düşýän ýeri hökmünde aýratyn ekologik şertlerde dermanlyk ähmiýetli ösümlikleriň ençemesi ösüp ýetişýär. Ýabany tebigatda ösüp ýetişýän ösümlikler bilen bir hatarda medeni ekinleriň birnäçesiniň hem adam saglygy üçin peýdaly häsiýetleriniň bardygy gadymdan bäri hem bellidir. Ilat arasynda giňden peýdalanylýan iň ýörgünli ösümlikleriň biri-de narpyzdyr.


Narpyzyň ýer ýüzünde birnäçe görnüşi duş gelýär. Narpyz dodakgüllüler maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk, seýrek ýagdaýda birýyllyk otjumak ösümlikdir. Narpyzyň dik ösýän şahalanýan baldagy bolýar. Ýapraklary dürli görnüşli bolup, köplenç gyralary diş-diş şekillidir. Ýapragynyň esasy ýürek şekilli bolup, ujy ýiti görnüşlidir. Düzüminde saklanýan efir ýaglarynyň mukdaryna laýyklykda narpyzyň dürli gürnüşleri dürli hili ys berýärler.  


Narpyz ýurdumyzda ýabany görnüşde daglyk we dagetek ýerlerinde bitýär. Medeni görnüşde öý hojalyklarynda ösdürlip ýetişdirilýär. Hatda narpyzyň öý we iş otaglarynda gül gutularynda ösdürilip ýetişdirilýän görnüşleri-de bar.


Narpyz irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlik bolmak bilen, häzirki wagtda konditer önümçiliginde, parfumeriýada hem giňden ulanylýar. Narpyzdan dürli hili dermanlyk serişdeleri öndürilýär. Bu ösümligiň baldagy we ýapraklary terligine, şeýle hem guradylan görnüşde ulanylýar. Köplenç narpyzdan içimlik çaý taýýarlanylýar. Ösümligiň hoşboý ysy işdäni açmakda ähmiýetlidir. Şonuň üçin narpyz işdäaçarlara hem goşulýar. Narpyz lukmançylykda iýmit siňdiriş, dem alyş ulgamynda ýüze çykan näsazlyklary aradan aýyrmakda,  nerw ulgamy bilen bagly bolan keselleri bejermekde, ukyny sazlamakda, kelleagryny galdyrmakda peýdalanylýan derman serişdeleriniň düzümine goşulýar. Ýürek-damar, burun-bokurdak bilen bagly keselleri bejermekde peýdalanylýar. Narpyzyň düzüminde adam bedeni üçin zerur bolan witaminleriň birnäçesi, makro we mikroelementler saklanýar. Narpyzyň agyry galdyryjy ähmiýeti hem bar. Bu ösümlik bakteriýalara we wiruslara garşy derman önümlerini taýýarlamakda hem peýdalydyr. Narpyzdan dürli hili tagamlar taýýarlanylýar. Birnäçe hojalyklar bu ösümligi bezeg hökmünde we howany tämizleýji ösümlik hökmünde hem ekýärler. Kosmetologiýada narpyzdan derini iýmitlendiriji serişdelar taýýarlanylýar ähmiýetli. Narpyz – adam saglygyna peýdaly täsir ediji ösümlik.


Gülşirin ŞÜKÜROWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Farmakologiýa
kafedrasynyň mugallymy