Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geologo-mineralogik ylymlarynyň kandidaty, halypa alym Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşynyň dolmagy mynasybetli «Ussatlar taryhyň kämil ýazary, mydam ussatdadyr döwrüň nazary» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa alymyň şägirtleri, professor-mugallymlar, we geografiýa fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Alym Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin 20 ýyldan gowrak wagt bäri uniwersitetde ylmy we pedagogik işlerini alyp barýar. Onuň inisiatiwasy bilen 2001-nji ýylda geografiýa fakultetinde geologiýa muzeýi döredilip, häzirki wagtda bu ýerde dürli minerallaryň, magdanlaryň, daşlaşan jisimleriň 1200-den gowrak nusgasy saklanýar. Muzeýiň bölümleriniň arasynda meteoritlere we beýleki tebigy täsinliklere degişli maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi hem bar. Hususan-da, “Köneürgenç” meteoritiniň we “Boýadag” läbik wulkanynyň taslamalary möhüm görkezme esbaplary bolup hyzmat edýär.
Dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa çykyş edip, A.Buşmakiniň geologiýa ylmyna goşan uly goşandyny we ÝUNESKO maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine bolan tagallalaryny belledi. Şeýle-de alymyň ýakynda uniwersitetiň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasyna agza hökmünde kabul edilendigini nygtady.
Dabarada A.Buşmakiniň köpýyllyk zähmet ýoly barada taýýarlanan wideorolik görkezildi. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň talyplarynyň taýýarlan çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Halypa alymy dabarada gatnaşanlar mähirli gutladylar. A.Buşmakin çykyş edip, Berkarar döwletiň binýadynda ylym bilen meşgullanmak üçin döredilýän mümkinçilikler we halypa-şägirtlik ýolunyň dikeldilmegi babatda hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Allamyrat GAPUROW
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Geografiýa fakultetiniň ekologiýa hünäriniň
III ýyl talyby.