Stomatologiýa, dişleriň we agyz boşlugynyň saglygyny dikeltmek we saklamak bilen meşgullanýan lukmançylyk ugry bolup, bu ugurda ulanylýan materiallaryň hil we häsiýetleri örän möhümdir. Diş protezleri, plombalar, ortodontik enjamlary we beýleki stomatologiki serişdeleri öndürmekde materiallaryň fiziki häsiýetleri ulanylyş we netijelilik üçin esasy görkezijileriň biri bolup durýar. Stomatologiýada ulanylýan materiallaryň mehaniki durnuklylygy olaryň ulanylyş çydamlylygyny üpjün edýär. Dişleriň çeýnelýän basyşy netijesinde ulanylýan materiallar güýçli mehaniki täsirlere sezewar bolýar. Şonuň üçin materiallaryň şu aşakdaky mehaniki aýratynlyklary örän möhümdir:
Berklik: Materialyň ýüklenmelere we döwülmelere garşy durnuklylygy.
Elastiklik: Materialyň deformasiýa edilenden soň başlangyç görnüşine gaýdyp gelmek ukyby.
Dänelere garşylyk: Çeýneme prosesinde emele gelýän dänelere garşy durnuklylyk.
Agyz boşlugyndaky temperatura üýtgemeleri stomatologiki materiallara belli bir täsir edýär. Şol sebäpli ulanylýan materiallar şu aşakdaky termiki häsiýetlere eýe bolmaly:
Stomatologiki materiallar agzyň çygly we himiki taýdan işjeň gurşawynda ulanylýandygy sebäpli olaryň himiki taýdan durnukly bolmagy örän möhümdir. Esasanam, agzyň tüýkülik we iýmitleriň himiki täsirinden poslamaýan materiallar ulanylýar. Agzyň tüýkülik we iýmitleriň himiki täsirinden poslamaýan materiallar ulanylýar. Materiallar agyz boşlugynyň dokumalary bilen reaksiýa girip, allergiýa ýa-da zäherlenme döretmeli däl.
Dişleriň tebigy görnüşine we reňkine gabat gelmek üçin stomatologiki materiallaryň optiki häsiýetleri möhüm ähmiýete eýedir. Dişleriň tebigy estetikasyny berjaý etmek üçin materiallar ýarym aýdyň bolmaly. Materiallar uzak möhletli ulanylanda reňkini ýitirmeli däldir.
Materiallaryň ýeňilligi we ulanyş amatlylygy stomatologiki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Diş protezleri we plomba materiallary gaty agyr bolmaly däldir, çünki bu agyz dokumalaryna goşmaça agram salýar. Şeýle-de, plastiklik, ýagny materialyň bir görnüşden başga bir görnüşe aňsat üýtgedilip bilinmegi, olar bilen işleşmegi aňsatlaşdyrýar.
Stomatologiýada ulanylýan implant materiallarynyň iň möhüm häsiýetleriniň biri biointegrasiýa ukybydyr. Bu häsiýet materialyň agyz dokumalary bilen ýakyn gatnaşykda bolup, olaryň tebigy görnüşine we funksiýasyna täsir ýetirmezligini aňladýar. Titandan ýasalan implantlar bu ugurda iň gowy mysaldyr, çünki olar süňk dokumalary bilen gowy birleşýär.
Stomatologiýada ulanylýan materiallaryň fiziki häsiýetleri olaryň hilini, çydamlylygyny we agyz boşlugynda amatlylygyny kesgitleýär. Şol sebäpli, stomatologlar we inženerler materiallary saýlap alanda diňe bir olaryň funksional häsiýetlerini däl-de, eýsem olaryň estetiki we biokompatibil aýratynlyklaryny hem göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen, stomatologiýada ulanylýan materiallar has kämilleşip, hassalaryň saglygyna we rahatlygyna has ýokary derejede hyzmat edýär.
Mähri Daňatarowa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk
fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.