Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy
  16.01.2025
327
Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy

Türkmenistanyň baý ösümlik dünýäsi dermanlyk häsiýetleri bilen dünýäde giňden tanalýan dürli ösümlikleri öz içine alýar. Şolaryň arasynda aýratyn orun eýeleýän buýan, saglygy goraýyşdan azyk senagatyna çenli giňden ulanylýan gymmatly ösümlikleriň biridir. Türkmen topragynyň bereketli ýerlerinde, esasan-da Amyderýanyň kenarlarynda giň ýaýran buýan köki öz dermanlyk häsiýetleri bilen köp asyrlaryň dowamynda adamzat üçin melhem bolup hyzmat edipdir. Buýanyň köküniň saglyga ýetirýän peýdasy gadymdan bäri mälimdir. Hytaý halk lukmançylygynda buýan ilkinji nobatdaky derman serişdesi hökmünde ulanylyp, dürli dermanlyk garyndylaryň düzümine goşulypdyr. Onuň köküniň düzümindäki glisirrizin atly çylşyrymly organiki birleşme onuň esasy dermanlyk häsiýetlerini kesgitleýär. Glisirrizin şekerden 40 esse süýjüdir we buýan kökünde 23%-e golaý möçberde duş gelýär. 

Buýan köki:

  • Gakylyk goparyjy serişde hökmünde giňden ulanylýar. Kataral kesellerde ulanylanda dem alyşy ýeňilleşdirýär.
  • Süýji, guragry, böwrek, we onkibarmak içegäniň keselleriniň bejergisinde ulanylýar.
  • Deri kesellerine garşy melhem hökmünde peýdalanylýar.
  • Ösümligiň düzümindäki antioksidant birleşmeleri bedeniň goranyş ukybyny ýokarlandyrýar.

 

Buýan diňe bir lukmançylykda däl, eýsem senagatda we azyk önümçiliginde hem giňden ulanylýar:

  1. Azyk senagaty: Buýan süýjüler, kofe, kakao, marinad, we içgiler ýaly önümlere tagam we hoşboý ys beriji serişde hökmünde goşulýar.
  2. Şekeriň ornuny tutujy hökmünde: Glisirrizin turşusy şekerden güýçli bolany üçin, saglyk maksatly tagamlarda we süýjülerde ulanylýar.
  3. Metallurgiýa: Magdanlary baýlaşdyrmakda köpürjik emele getiriji serişde hökmünde ulanylýar.


Berkarar döwletiň täze eýýamynda buýan kökünden melhemlik serişdeleri öndürmek boýunça uly üstünliklere ýetilýär. Türkmenabat şäherinde işe girizilen döwrebap kärhana ýylyň dowamynda 4500 tonna buýan köküni gaýtadan işläp, 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýär. Bu önümler diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem daşary ýurtlara eksport edilýär.


Buýan gadymy döwürlerden bäri halk tebipçiliginde hem-de döwrebap lukmançylykda möhüm orun eýelän dermanlyk ösümlikdir. Türkmen topragynda ýetişýän bu gymmatly ösümligiň derman senagatynda, azyk önümçiliginde we beýleki ulgamlarda ulanylyşy ýurdumyzda barha giňelýär. Bu üstünlikler Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna döredip beren ajaýyp mümkinçilikleriniň miwesidir. Halkyň saglygyna, gülläp ösüşine hyzmat edýän buýan ýaly tebigy baýlyklaryň ösdürilmegi biziň milli mirasymyzy dünýä tanadýar.        


Saparmyrat NURYÝEW, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň kafedra müdiri.