Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Burçly gülhatma – Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümligi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi
  15.01.2025
32
Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi

“Emeli aň” düşünjesi häzirki döwürde ylmyň we tehnologiýanyň iň öňdebaryjy ugurlarynyň biri hökmünde durmuşymyza düýpli ornaşdy. Emeli aň (AI) – bu adam aňynyň ukyplaryny sanly ulgamlaryň ýerine ýetirip bilmegini aňladýar. Kesgitlemäni ýönekeýleşdirsek, emeli aň – bu kompýuter programmasynyň adamyň pikirlenişine, analiz etmek ukybyna we karar kabul etmek başarnygyna eýe bolmagydyr.

 

Sözlüklerde “aň” diýen düşünje dürli manylarda ulanylýar. Ol “karar kabul etmek, düşünmek ukyby” ýa-da “bilmek, deňeşdirmek, toplanan tejribe esasynda täze ýagdaýlara uýgunlaşmak” ýaly düşündirilýär. “Emeli” diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi bolsa onuň tebigy däl, adam eli bilen döredilen tehnologiýa bolmagydyr.

 

Emeli aň düşünjesi ilkinji gezek 1956-njy ýylda Stenford uniwersitetinde geçirilen ylmy maslahatda “artificial intelligence” (AI) ady bilen alymlar köpçüligine tanyşdyrylyp, uly gyzyklanma döretdi. Şondan soň, bu ugurda ylmy-barlag işleriniň uly möçberi amala aşyryldy.

 

Häzirki wagtda emeli aňyň dürli görnüşleri we modelleri dürli maksatly ulanylýar. Olaryň her biri belli bir meseläni çözmek ýa-da adama hyzmat etmek üçin döredilen aýratyn tehnologiýalardyr. 

 

  • ChatGPT – tebigy dil işlenişi boýunça adamyň pikirlerini anyklap we jogap berip bilýän sistemalardan biridir.
  • Gemini AI – multisensorly maglumatlary birleşdirip, integrirlenen çözgütleri hödürleýän täze nesil emeli aň ulgamy.
  • Melomica – saglyk we biologiki gözleglerde ulanylýan özboluşly emeli aň modeli.
  • Alice – interaktiw we täsirli aragatnaşyk üçin döredilen meşhur emeli aň ulgamy.
  • Siri – Apple enjamlaryndaky ses bilen dolandyrylýan şahsy kömekçi.
  • Claude – adaty sorag-jogap we maglumat işlemek üçin niýetlenen emeli aň.

 

Bu görnüşleriň hersi aýratyn ugurlar boýunça kämilleşdirilip, dürli pudaklarda ulanylyp bilýär. Bu sananlarmyzdan başgada ýene köpsanly emeli aň ulgamlary bardyr.

 

Emeli aň häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde tehnologiýanyň özeni hökmünde giňden ulanylýar. Işewürlik, ylym, saglyk, bilim, transport, oba hojalygy, maliýe we beýleki ugurlar emeli aňyň täsirinden peýdalanýar. Mysal üçin:

 

ABŞ: Emeli aňyň ösüşinde lider ýurt bolup, Google, Microsoft, Apple ýaly tehnologiýa gigantlary bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy platformalaryny işläp düzýärler.

 

Hytaý: Kiberhowpsuzlyk, ýüze tanamak, maglumat işlemek we awtonom tehnologiýalar boýunça giň gerimde emeli aňy ulanýar.

 

Ýewropa ýurtlary: Germaniýa, Angliýa we Fransiýa ýaly ýurtlar senagat awtomatlaşdyrmasy, lukmançylyk enjamlary we bilim platformalarynda AI-dan giňden peýdalanýarlar.

 

Ýaponiýa: Robot tehnologiýalarynda we ýaşyl ykdysadyýetde emeli aňyň ulanylyşy bilen öňe saýlanýar.

 

Türkmenistanda hem emeli aň tehnologiýalaryny ykdysadyýetimizi we jemgyýetçilik durmuşymyza ornaşdyrmakda mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Hususan-da, bilim ulgamynda we oba hojalygynda emeli aňyň peýdalanylmagy möhüm ugur bolup biler.

 

Umuman emeli aň biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden ulanylýar. Ol tehnologiýanyň ösüşine güýçli itergi bermek bilen bir hatarda, adamyň pikirlenişini kämilleşdirmek we täze mümkinçilikleri döretmek üçin hem giň mümkinçilikleri hödürleýär. Emeli aň, diňe bir tehnologiýa däl-de, eýsem adamzadyň geljeginiň esaslaryny kesgitleýän möhüm ylym pudagydyr.

 

Mähri Daňatarowa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.