Taryhyň ähli döwürlerinde-de halkymyzyň syrdaşy, göz-guwanjy bolup gelen meşhur ahalteke bedewlerimiziň bütin dünýädäki abraýy bu gün barha belende göterilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanylýar. Döwletli ojaklarda bedew atyň agnap durmagy barjamlylykdan, gurplulykdan nyşan. Emma oňa hiç bir döwürde-de haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki biziň halkymyzda asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy kesgitlenmeýär. Älemi haýrana goýýan türkmen bedewlerinde hem hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, mynasyp baha berýärler. Ata-babalarymyz asyrlarboýy ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak üçin düýpli aladalanypdyrlar. Onuň ata-ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygy berk yzarlanypdyr.
Häzirki wagtda atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip, olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar.
Ýaňy ýakynda Monte Karloda geçen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan dabaraly ýeňişden soň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary baş baýrak – Altyn baýrak bilen Türkmenistana gaýdyp geldi.
Halkymyzyň durmuş keşgini bile çekişip, öz tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke atlarymyza çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.