Dünýäde her millet özüniň maddy we medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, beýik şahsyýetleri... bilen tanalýar. «Hytaý» diýeniňde Beýik Hytaý diwary, «Hindistan» diýeniňde meşhur hindi filmleri, «Müsür» diýeniňde taryhy piramidalar göz öňüne gelýän bolsa, «türkmen» diýeniňde hem beýik akyldar, pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy, arşyň nepisligi türkmen halylary, wepaly alabaý itleri, jadyly senet dutar bilen birlikde ady äleme dolan ahal – teke bedewleri hakydaňda janlanýar. Asyrlarboýy türkmen halky ady rowaýata öwrülen atyny öz ýakyn dosty, ynamdar syrdaşy hasaplapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Älem içre at gezer» atly kitabynda: «Aba: Bedewe «mal», «haýwan» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, bir – birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş hem hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Türkmen halkynyň bäşmüňýyllyk şöhratly taryhynyň islendik döwründe hem ony behişdi bedewleri bolmazdan asla göz öňüne getirmek mümkin däl. Söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň «At gazanar goç ýigidiň // Owal bedew aty gerek» diýip belleýşi ýaly, her bir goç ýigidiň bedew aty onuň at-abraýy, buýsanjy bolupdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly taryhdan bir mysala ýüzlensek, Gadymy Marguşyň paýtagty bolan Goňurdepedäki gadymy mazarlykdan biziň eýýamymyzdan öňki III – II müňýyllyklara degişli bolan taýçanagyň mazary ýüze çykaryldy. Bu bolsa halkymyzyň gadymy döwürlerde hem bedewlerini edil öz maşgala agzasy ýaly hormatlap ýerländiklerini aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda atçylyk sungatyny ösdürmek, ahal – teke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Köpetdagyň eteginde dörän döwrüň gudraty Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sirk sungatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmagy, bu festiwalda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň mynasyp netije berýändigini doly aýdyňlygy bilen subut etdi.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.