Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada geçirilýär! ✦ ✦ “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçiriler ✦ ✦ «Sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek» ugrundan Hakaton bäsleşigi geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada geçirilýär!
  05.02.2025
129
Mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada geçirilýär!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmaga ýardam etmek maksady bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça III olimpiadany yglan edýär.


Goşmaça maglumaty şu ýerden alyp bilersiňiz!