Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada geçirilýär! ✦ ✦ “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçiriler ✦ ✦ «Sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek» ugrundan Hakaton bäsleşigi geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty
  07.02.2025
109
Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty

Behişdi bedewler milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy, wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

Halk yrymlarynda bellenilişi ýaly, at toýnagy düşen ýerde bereket, döwlet bolýar. Ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlere uly hormat goýýan ata-babalarymyz hem öz wepaly dostuny — atyny ýanyndan goýmandyr, oňa «dost, syrdaş» diýip ýüzlenipdir. Merdana ýigitler «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, bedew atyny ezizläpdir, söýüpdir.

Ynsanyň bedewlere bolan hormaty juda beýik. Bedewleriň waspy edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Müňýyllyklary aşan ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar — behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleriň haýsy birini alyp görsegem, bedewiň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan hemrasydygy teswirlenýär. Şeýle hakykatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ýaňy ýakynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji gezek geçirilýän sirk festiwalynyň çäklerinde-de halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Toparyň çykyşlaryna hemişe uly höwes bilen tomaşa edilýändigini bellemek gerek. Olaryň çykyşlarynda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, çykyşlaryň täsirliligini artdyrýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Toparyň ýerine ýetirýän täsin tomaşasy üýtgeşik hem-de batyrgaý, töwekgelçilikli tilsimlerden ybarat bolup, bu ajaýyp görnüşler tomaşaçylary haýrana goýýar. 

Ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişdi bedewlerine bu gün ýurdumyzda uludan sarpa goýulýar. Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

 

Aýlar JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.