Gadymdan bäri türkmeniň toý gününde ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolan bedewlerimiz täze taryhy eýýamymyzda bagtyýar ýaşaýşymyzyň nurana nyşanyna, ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň, mukaddes maksatlarymyzyň aýdyň alamatyna, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi.
Ata-babalarymyzyň zähmeti hem zehini bilen kemala gelen atçylyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýyşy, çuň pelsepesi, geçmişi siňendir. Owadanlykda, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr, şöhratydyr. Pederlerimiz ahalteke atyny we alabaý itini özüne iň ýakyn syrdaş, dost hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigine gojaman taryh şaýat. Türkmeniň batyr ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary barada ajaýyp nusgawy eserlerimizde-de giňden şöhlelendirilýär. Şol eserlerde atyň ynsan bilen dostlugy, öz eýesine wepadarlyk gatnaşyklary örän täsirli we çeperçilikli beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň, dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ösdürmekde, kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.