Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz
  20.12.2024
134
Ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýmek bilen, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär.

 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunda Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Bu möhüm resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir. Munuň özi ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň durnukly ykdysady ösüşiň wajyp şertidigini aýdyň görkezýär.

 

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine hem aýratyn üns berilýär.

 

Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesi-niň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwre-bap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýra-tyn ähmiýet berilýär. Şu ýyl ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany-nyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda alnyp barylýan anyk işleriň mysaly bolup durýar. 2023-nji ýylda çap edilen «UI GreenMetric World University Ranking» halkara reýtingine Türkmenistanyň ýokary okuw mek-depleriniň 8-siniň girendigini bellemek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 9-sy Uniwersi-tetleriň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar.

 

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Dünýägözel ALTYMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi
we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.