Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dünýä uniwersitetleriniň sanawynda
  19.12.2024
156
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dünýä uniwersitetleriniň sanawynda

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-nji ýylyň netijeleri esasynda ýakynda neşir edilen «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy alty görkeziji, ýagny uniwersitet düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty ýaly ugurlar boýunça gowy netijeleri görkezip dünýä boýunça 592 orunda we Ýurdumyz Türkmenistan boýunça 3 oruny eýeledi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ilkinji gezek görkezijä girendigini we öňdäki orunlara mynasyp bolandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bu ugurda sebitde ilkinji akylly, ekologiýa taýdan arassa şäher Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda  ekologiýa, daşky gurşawy goramak, bu ugurda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ýaşyl tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we tebigatdan rejeli peýdalanmak boýunça işler alnyp barylyp ýörite ylmy-taslama bäsleşikleri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem Arkadag şäheriniň çäginde bag nahallarynyň oturdylmagy ekologiýa abadançylygyna uly goşandyny goşýar. Biz hem şu purstadan peýdalanyp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürýän, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Batyr BAÝLIÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi.