Ýeralma. Bu önüm biziň esasy azyk önümlerimiziň biridir. Mellegimiň 0,5 gektara golaý ýerinde ýeralma ekýärin. Idegini ýetirip, gowy hasyl alýaryn. Ýeralmany öz wagtynda ekip, ýetişensoň wagt ýitirmän ýygsaň, yzyndan ýene bir hasyly alyp bolýar. Ýeralmanyň ýazlyk hem-de güýzlük ekilýän görnüşleri bar.
Ýeralmanyň iň gowy görýän iýmiti ders bilen fosfordyr. Ýeri güýz agdarmazyňdan öňürti çöp-çalamdan arassalap, adyny agzan dökünlerimizi sepseň, gyşyna-da ýagyş-ýagmyr köp ýagsa, çägesöw ýer mes topraga öwrülýär. Ekin ösüş döwründe iýmitden hezil edinýär. Ýöne ýeralmany ekenimizden soň önümiň hiliniň peselmezligi üçin mineral dökün berýärin.
Byzow — ýeralmanyň ganym duşmany. Ony ýok etmegiň, hiç bolmanda azaltmagyň ýeke-täk usuly, ekini doňaklykda suwarmakdyr, ýöne basdyryp däl, ýüzleý suwarmaly.
Sogan. Milli aşhanamyzda islendik nahary sogansyz göz öňüne getirmek kyn. Çünki bu azyk önümi nahara goşulyp ýa-da naharyň ýany bilen iýilýän, ýokumly önümleriň biridir. Ony mellegiňde ýetişdirmek kyn däl. Onuň ekilýän görnüşi iki sany, düýp sogan we ýaş sogan.
Düýp sogany güýzde ekmeli, şonda onuň ýaşybütin gyşyň dowamynda naharyň ýany bilen iýmäge mümkinçilik döreýär. Düýp sogan ýazda porruklanyp tohum almak üçin taýýar bolýar. Öz ýeriňden önen tohumymellegiňe ekseň, gögerijiligi oňat bolýar. Öwrenişen topragyňda ekýärsiň welin, satyn alyp gelen şitiliň yzyndan ýetäýýär.
Sarymsak. Bu ekiniň idegi kyn däl. Güýz ekilýändigi üçin ony ot basanok. Yzyna pomidor, mekgejöwen ýaly ekinleri ekip, bol hasyl alyp bolýar. Ekeniňde sarymsagyň her dişiniň arasyny bir garyş edip ekmeli, esasy döküni ders. Ýetişensoň bir gezek otap, başlaryny saç ören ýaly örüp düwýäň weli, ösüşine güýç bermän, ähli güýjüni düýbüne berýär. Netijede, sarymsak uly dişli bolup, gözüňi dokundyrýar.
Mekgejöwen. Ol türkmen halkynyň gowy görüp ekýän ekinleriniň biridir. Miwesi özüňe iýmit, palajy malyňa ot-iým bolýar. Çagalaryň diş toýunda mekgeden bişirilýän akja patraklary körpäniň üstünden sepip, toýuň şowhunyny artdyrýarlar. Ekeniňde pelläp, atyzlara bölüp ekseň hem bolýar, pomidordyr gawun-garpyzyň joýalarynyň arasyna ekseň has gowy. Sebäbi ol tomusda — jöwzaly günlerde ady agzalan ekinleri epgekden goraýar.
Röwşen HALYKBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.