Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi
  20.12.2024
212
Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Bütindünýä yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça guralan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu çäreler, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ICESCO-nyň Baş direktoraty we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş Sekretariaty (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guraldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çäreler başlandy. Dabara gatnaşyjylara, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň sergisi görkezildi. Soňra «Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin bilelikdäki tagallalar» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy boldy. 

 

Maslahata gatnaşan alymlar Magtymguly Pyragynyň mirasyny we ylym-bilim, medeniýet ugurlaryndaky işini wagyz etmekde bu çäräniň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de 300 ýyldan bäri ynsanperwerlige we parahatçylyksöýüjilige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terbiýeçilik we bilim taýdan aýratyn ähmiýeti bellenildi. Maslahatyň tamamlanmagyndan soň türki dünýäsiniň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala konserti geçirildi.

 

Sahyjemal EÝÝUPOWA,
Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň
başlangyç synp we iňlis dili mugallymy.