Dünýä dowletleriň ykdysadyýetine baha bermek üçin hünärmenler ýurduň jemi içerki önümiň (JIÖ) we satyn alyş kuwwatyny özara deňeşdirýärler. Deňeşdirme netijesinde döwletiň ykdysadyýeti nähili derejede ösendigini we ösüp barýandygyny hem-de ykdysady çökgünlik döwründedigini anyklaýarlar.
Hytaý 10 ýyl bäri bu görkeziji boýunça birinji ýeri eýeleýär. Ilkinji üçlüge ABŞ we Hindistan girýär.
Hünärmenler döwletleriň satyn alyş güýçleriniň deňligi bilen ýurduň jemi içerki önümi boýunça dünýä ykdysadyýetinde ýurtlaryň iň uly ykdysady infografikasyny döretdiler. Munuň üçin dünýä döwletleriniň Halkara Walýuta Gaznasynyň 2024-nji ýyldaky maglumatlary ulanyldy.
Hünärmenler satyn alma güýjüniň deňligini ulanyp gaýtadan hasaplamagyň, ýurduň ykdysadyýetindäki häzirki baha derejesine we walýutanyň satyn alyş güýjüne bil baglamaga mümkinçilik berýändigini belleýärler. Döwletiň satyn alyş güýji boýunça jemi içerki önümiň dürli ýurtlarda ýaşaýyş we inflýasiýanyň bahasyny göz öňünde tutup, nominal jemi içerki önümi walýuta gaznasy bilen deňeşdirýärler.
Visual Capitalist infografikasyna görä 2014-nji ýyldan bäri Hytaý dünýäniň iň uly ykdysady taýdan ösen ýurdy boldy. Indi ABŞ ikinji, Hindistan üçünji ýerde. Umuman, TOP-10 ýurtlar şu aşakdakylar:
- Hytaý (33,1 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Senagat önümçiligi (aýratyn-da elektronika, ulag we gurluşyk), eksporta gönükdirilen önümçilik we infrastrukturany ösdürmek.
- ABŞ (29,2 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Tehnologiýa (IT we innowasiýa), maliýe hyzmatlary, saglygy goraýyş we kino pudagy.
-Hindistan (16.0 trillion dollar)
Ösüş pudagy: IT hyzmatlary, oba hojalyk, tekstil we farmasewtika.
-Russiýa (6,9 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Energiýa önümçiligi (gaz we nebit), metallurgiýa senagaty.
-Ýaponiýa (6,6 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Elektronika, awtoulag önümçiligi, robotika we ýokary tehnologiýaly önümler.
-Germaniýa (6 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Awtomobil önümçiligi, senagat enjamlary we himiýa senagaty.
-Braziliýa (4,7 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Oba hojalyk (soýa, kofe we şekeriň eksporty), gidroenergiýa.
-Indoneziýa (4,7 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Tebigy baýlyklar (kömür, nebit we gaz), oba hojalyk we hyzmat sektory.
-Fransiýa (4,4 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Lýuks harytlar, turizm, azyk senagaty.
-Beýik Britaniýa (4,3 trillion dollar)
Ösüş pudagy: Maliýe hyzmatlary, tehnologiýa we adatdan daşary ýokary bilim ulgamy.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Jemal SERDAROWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.