Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦ ✦ Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Hukukçy talyp Ýaponiýada tejribe toplady ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täze sepgitlere ruhlanýarys!
  19.12.2024
214
Täze sepgitlere ruhlanýarys!

Halkymyzyň her bir ýyly täze üstünliklere, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri bilim ulgamynda hem aýdyň görünýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem bilim babatdaky özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi.

 

Bu ýylda ýaş nesillerimiziň ençemesi ak mekdebe gadam basdy, ençeme ýetginjekler «talyp» diýen ada mynasyp boldy. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze we döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, ak mekdepler açylyp ulanylmaga berildi. Orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler döredildi. Bilim işgärleriniň has kämil zähmet çekmekleri we usulyýet babatda tejribeleriň artdyrylmagy ugrunda netijeli ädimler ädildi.

 

Ýaşlaryň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerde, olimpiadalarda baýrakly orunlary eýelemekleri bolsa bu işleriň netijeliligini görkezýär. Esasy bellemeli ýeri, bilim ulgamynyň has-da kämilleşmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň işjeň ulanylmagy, usulyýet-guramaçylyk we pedagogik ugurlarda ýerlikli peýdalanylmagynyň oňyn täsirliligidir.

 

Ýaňy-ýakynda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly eseriniň hem  okyjylara ýetirilmegi biz ― mugallymlary has-da buýsandyrdy. Çünki şeýle gymmatly eserler biziň usuly gollanmalarymyzy we ylmy gorumyzy artdyryp, has yhlasly we maksadalaýyk zähmet çekmegimize ruhlandyrýar.

 

Kämil gollanmalarymyz, aýdyň ýol-ýörelgelerimiz bilen Täze ýyla hem uly ruhubelentlikde barýarys. Şeýle ajaýyp döwürde zähmet çekmäge, ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

 

Jumagül HOŞANOWA,
Tagtabazar etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.