Şöhraty dünýä dolan türkmen halysy, türkmen keçesi, nakgaşçylyk sungaty halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren beýik sungatydyr. Her bir sungat eseriniň beýikligi, kämilligi ony döredijiniň at-owazasyny ebedileşdirýär. Türkmen zenanlarynyň el işleri, ýagny keşdeçilik sungaty barada hem örän buýsançly sözleri aýtmak mümkin.
Türkmen zenanlarynyň çeper elleri bilen döreden halydyr keçeleriniň we beýleki el işleriniň gözellik, tebigylyk, ynsan saglygyna ýaramlylyk babatynda-da gymmaty uludyr. Halylarda, keçelerde, el işlerinde peýdalanylýan ýüplükler, süýümler tebigy bolup, olaryň boýaglary-da, köplenç, tebigy önümlerden alnypdyr. Olardan goýun ýüňi we ýüpek aýratyn ähmiýetlidir.
Goýun ýüňüniň bakteriýalara we mikroblara garşylyk görkeziji häsiýeti bardyr. Mundan başga-da, goýun ýüňi gurluşy boýunça gyjyndyryjy häsiýetlidigi üçin öz-özüni arassalamaga ukyplydyr. Goýun ýüňünden lanolin alynýar. Emma ýüňden 100% arassa lanolini almak tehnologiki taýdan örän çylşyrymlydyr. Goýun ýüňünden taýýarlanan önümleri ulanmak bilen, biz lanoliniň gymmatly täsirinden tebigy görnüşde peýdalanýarys. Goýun ýüňüniň düzümindäki lanolin, hususan-da, antiseptik, ýagny ýokançlara garşy durmak häsiýetine eýedir. Ol derä oňyn täsirini ýetirýär, deri örtüginiň zeperlenmesiniň öňüni alýar.
Ýüpek hatda iň duýgur derini-de gyjyndyrmaýar. Çünki ýüpek uzyn we örän tekiz süýümlerden ybaratdyr. Ýüpek deri örtüginiň ýaşarmagyna we sagdynlaşmagyna täsir edýär. Ýüpek süýümleri bilen iş salyşýan zenanlaryň elleriniň derisi örän näzik we tekiz bolýar. Bu ýagdaý ýüpegiň düzümindäki proteiniň täsiri bilen düşündirilýär. Protein deriniň tekizligini we näzikligini artdyrýar. Ýüpek süýümlerden taýýarlanan egin-eşikler atopiki dermatit, ekzema, akne, dermatomikozy, psoriaz ýaly deri örtüginiň kesellerini bejermekde oňyn täsirini ýetirýär. Tekiz ýüpek süýümleri tozany özüne çekmeýär. Bu bolsa allergiýa ýa-da bronhit keselli adamlar üçin möhümdir.
Türkmen keçesi hem müňýyllyklaryň dowamynda halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Gadymy zamanlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany haýwanlaryň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolar ekenler. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Keçe basylanda edilýän hereketler daýanç hereket ulgamynyň, gan aýlanyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar we oňurga sütüninde dürli keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.
Ynsan saglygyna oňyn täsirli milli sungatlarymyzyň biri-de nakgaşçylykdyr. Ol dünýäniň reňkli öwüşginini, baýlygyny, ýagtylygyny, tebigatyň gözel ahwalatyny janlandyrýar. Görejiň surat çekilende eliň hereketini yzarlamagy arkaly «el-göz» sazlaşygy ýola goýulýar we pikirlenmek ukyby ösýär. Surat çekmeklik rahatlandyrýar, merkezi nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrýar we ýatkeşligi ýokarlandyrýar.
Şeýle hem lukmançylykda dürli reňkleriň ynsan saglygyna täsirini ýetirýändigi mälimdir. Gyzyl reňk nerw ulgamynyň işjeňligine itergi berýär, gan aýlanşyna oňyn täsir edýär, içki agzalary işjeňleşdirýär, gaýgy-aladalary azaldýar, höwes-hyjuwy artdyrýar. Hünärmenleriň käbiri iýmit alyş-çalşygyny işjeňleşdirýändigi üçin gyzyl reňkiň artyk agramy azaltmaga ýardam edýändigini belleýärler. Ýaşyl reňk gan basyşynyň peselmegine, kapillýar gan damarlarynyň giňelmegine, kelleagyrynyň gowşamagyna täsir edýär, göwnaçyklyga itergi berýär. Ýürek-damar, ukusyzlyk ýaly kesellerde hem oňyn täsiri ýokarydyr. Glaukomada, şowakörlükde we görüş nerwleriniň kesellerini bejermekde ýaşyl reňkiň täsirinden peýdalanmak mümkindir.
Göwher ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.