Hakykatdanam, bu ösümlik diňe bir bezeg üçin däl-de, eýsem, iýmit we melhem hökmünde hem ulanylýar. Gadymy Müsürde bu ösümligi ýaşaýşyň nyşany diýip atlandyrypdyrlar. Ol — ALOE. Ol kaktus gülüne meňzeş tikenli özboluşly ösümlikdir.
Turuwbaşdan bellesek, 1935-nji ýylda ABŞ-da geçirilen barlaglaryň netijesinde, aloe ösümligini aşgazan we deri keselleri üçin peýdaly hasaplapdyrlar. Aloe ösümligi bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ösümligiň 400-e golaý görnüşi bar. Olardan iň köp ýaýrany «aloe barbadensis miller», «aloe arboreskens», «aloe aristata», «aloe widii» we «aloe nyeriensisdir». Ösümligiň ortaça boýy 30 — 60 santimetre ýetýär. Aloe ösümliginiň käbir görnüşleriniň gülleri hem bolýar.
Aloe güneşli howany halaýandygy üçin ony Günüň düşýän ýerinde goýmalydyr. Ýapraklaryna köp mukdarda suw ýygnaýandygy sebäpli, aýda 2 ýa-da 3 gezek suwarmak ýeterlikdir. Ösümlik köp suwarylan ýagdaýynda ýapraklary saralmak bilen bolýar. Eger-de ýapraklary inçe we egri bolsa, onda güle berilýän suwuň mukdarynyň azlygyny alamatlandyrýar.
Alibek BABAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň oba hojalygynyň
mehanizasiýasy hünäriniň talyby.