Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýys zatdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň ykdysady durmuşynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar.
Ykdysady ösüş diýlip näme düşünmeli?
Ykdysady ösüş diýlip, jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň faktorlarynyň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşdirilmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw görnüşde bolup biler. Önümçiligiň ösüşi onuň faktorlarynyň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa, oňa ekstensiw ykdysady ösüş diýilýär. Şonda ol faktorlaryň tehniki (hil) derejesi öňkiligine galýar. Mysal üçin, önümçiligiň ösüşi işçileriň sanyna köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň amala aşyrylmagynyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýa-da köp harajatly ýoludyr.
Ekstensiw ösüşiň oňaýly we oňaýsyz taraplary bardyr. Eger-de önümçiligi giňeltmegiň faktorlary ýeterlik bolsa, onda ekstensiw ösüşi ýeňil amala aşyrmak mümkin. Ekstensiw ösüş tebigy baýlyklaryň çalt özleşdirilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga amatly şertleri döredýär. Emma ekstensiw ösüş ýolunyň oňaýsyz taraplary hem bardyr. Ol tehniki durnuklylyga, köp harajatlylyga alyp barýar. Tebigy baýlyklaryň möçberini, zähmet resurslaryny köpeltmegiň mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly belli bir derejede amatsyzdyr. Şonuň üçin hem intensiw ösüş ýoluna geçmeklik obýektiw zerurlykdyr. Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önümçilik faktorlaryny mukdar taýdan däl-de, olaryň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw görnüşi bolýar. Intensiw ösüş önümçilik faktorlarynyň peýdalanyşyny gowulandyrmagyň hasabyna hem bolup biler. Ol has kämil zähmet serişdelerini peýdalanmagy we zähmet predmetlerini tygşytly ulanmagy, işçiniň hünärini ýokarlandyrmagy hem-de bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşyny gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, intensiw ösüş şertlerinde öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak üçin hökman täze bir kuwwatlyklary, kärhanalary döretmek zerurlygy ýok. Munuň üçin önümçiligi kämilleşdirmek, ähli resurslary has rejeli peýdalanmak ýeterlikdir.
Ykdysady ösüşiň iki görnüşide özara baglanyşyklydyr. Real ykdysady durmuşda ekstensiw ýa-da intensiw ösüş ýollary ýeke täk arassa görnüşde duş gelmeýär. Olar hemişe özara utgaşykly amala aşyrylýar. Emma jemgyýetçilik önümçiligiň ösüşiniň belli-belli döwründe ekstensiw ýa-da intensiw ugur agdyklyk edýär. Ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanuna laýyk zatdyr.
Ogulşat Tagyýewa
Daşaguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby