Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Tejen etrabynda aýdym-sazly sergi geçirildi
  30.01.2024
378
Tejen etrabynda aýdym-sazly sergi geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Tejen şäher medeniýet öýünde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tejen etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň  bilelikde gurnamagynda  aýdym-sazly sergisi geçirildi. Aýdym-sazly sergä etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.Dabaraly sergä gatnaşanlar etrabymyzyň çeper elli gelin-gyzlarmyzyň döreden el işleriniň, milli türkmen lybaslaryny, halydyr-keçelerini, sünnälenip çekilen keşdeler  bilen tanyşdylar.Sergide Medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly folklor çykyşlaryna tomaşa etdiler.

 

 

Çykyşlaryň dowamynda Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň  saýasynda  milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp- dessurlarymyz  ýokary derejede sarpalanýar. Mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň  döredýän el işlerine  uly hormat goýulýar. Merdana ata-babalarymyzyň, paýhasly  ene-mamalarymyzyň bize miras goýan amaly-haşam, keşdeçilik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, zergärçilik sungaty milli medeniýetimiziň aýrylmaz  bölegidir. Hünärli elleriň çeperçiliginden syzylyp çykan  şol gymmatlyklarymyz biziň edebi baýlygmyzydr. Çünki bu gymmatlyklara halkymyzyň  kalbynyň nury,  hünärli elleriň irginsiz zähmeti siňendir. Zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň  ajaýyp   keşdelerini, gülli joraplaryny, owadan tahýalaryny, çyrpydyr kürtesini, köz ýaly lowurdap duran ketenisini synlap,  kalbyň heýjana gelýär. Olaryň her biriniň gelip çykyşy, döreýşi  barada halk  aýtgylary, rowaýatlary bar. Gelin-gyzlarymyzyň  döredýän el işlerine olaryň  ýüreginiň mähri, päkligi, gözelligi, näzikligi,  arzuw-hyýallary siňipdir.

 

 

Ajaýyp  türkmen  şahyry Mämmetweli Keminäniň: “ Meniň dilim, seniň eliň hünäri. Nusga bolup galsyn ilden-illere” diýip belleýşi ýaly, türkmen zenanlarynyň  çeper elleriniň döreden keşdeleri sungat derejesine göterilip nesillere, asyrlara nusga bolup galypdyr. Serginiň ahyrynda, ýurdumyzda zenanlarmyza belent sarpa goýýan hemde milli mirasymyzy içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

 

Leýli Ataýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň
Tejen etrap  birleşmesiniň  işgäri,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.