Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär
  05.10.2024
195
Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu duşuşygyň esasy netijesi hökmünde Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdebiniň: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi boldy. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmek, bilelikdäki bilim we ylym başlangyçlaryny döretmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalary berkitmek üçin göz öňünde tutuldy.

 

Taraplar, şeýle hem, Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy baradaky meseläni we türkmen wekiliýetiniň taýýarlanan ýol kartasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekilleri bu çäreleriň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, olaryň ýurtlaryň arasyndaky medeni we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar.

 

Duşuşyk, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we Kent döwlet uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyny, medeniýetara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdeplerini halkara bilim giňişligine ýakynlaşdyrmak we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň biri hökmünde möhüm ädime öwrüldi.