logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Sports /Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi
  17.12.2023
1098
Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa  ornaşdyrmak, Türkmen milli göreşini mundan beýläk has-da ösdürmek, türgenleri  Watansöýüjilik ruhda terbiýelemek, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportyň milli göreş we guşakly göreş görnüşlerini has-da ösdürmek maksady bilen Ahal welaýatynyň  bedenterbiýe  we sport  baradaky  Baş  müdirliginiň  tassyklan  Düzgünnamasy esasynda, ýakynda  Türkmen milli  göreşi we guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Ahal welaýatynyň  Tejen etrabynyň  Tejen şäher sport mekdebinde Ahal welaýaty boýunça çempionaty   geçirildi.

 

 

Ýaryş ýaş päliwanlaryň arasyndaky welaýatyň  çempionaty Türkmenistanyň Guşakly göreş  görnüşleri federasiýasynyň tassyklan  düzgünnamasy boýunça geçirildi. Her toparyň düzümi 10 adamdan (8 türgen, 1 tälimçi, 1emin) ybarat bolup, milli göreşiň 40kg, 45kg, 50kg, 55kg, 60kg, 65kg, 71kg, +71kg agram derejelerinde, guşakly göreş görnüşi boýunça 45kg, 50kg, 55kg, 60kg, 65kg, 71kg, +71kg agram derejelerinde geçirildi. Ýaryş emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde geçirildi. Çempionat diýseň gyzykly  hem-de  çekeleşikli ýagdaýda geçdi. 

 

 

Ýaryşda  1-2-3 orunlary eýelän toparlara Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary, şeýle hem Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň  Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary  dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

 

Gulmuhammet Sähedow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy.