logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Tejen etrabynda pagta ekilişine taýýarlyk görülýär
  04.02.2024
888
Tejen etrabynda pagta ekilişine taýýarlyk görülýär

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilen ýylyň şu günleri Tejen etrabynyň daýhanlary pagta ekişine mäkäm taýýarlyk görýärler. Olar ekinlere ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryndan bökdençsiz peýdalanýarlar. Daýhanlara bu işde ýakyndan ýardamçy bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň janypkeş mehanizatorlar we hünärmenleri arman zähmet çekýärler. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ýaz ekişine irki möhletde taýýarlyk hatarynda goýmak, ekiş geçiriljek meýdanlary sürüp, öňde duran möwsüme ykjam taýýarlanmagyň wajypdygyna oňat düşünýän hünärmenler diňe bir möwsümde bolman bütin ýylyň dowamynda hem tehnikalaryň ulanylşyna gözegçiligi ünsden düşürmeýärler.

 

 

Tejen etrabynyň gowaça ekiljek meýdanlaryna jemi 107 sany gowaça ekijileriň çykarylmagy meýilleşdirilip, olar ekişe taýýar edilip goýuldy. Kültiwatorlaryň 295 sanysy, dişli baranalar we malalar taýýar edilip goýuldy. Taýýarlygyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi gowaça ekişi we idegi döwründe ýerine ýetirmeli işlerde bökdençlik döremejegine güwä geçýär.

       

Arslan Ataniýazow,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Tejen etrap komitetiniň jogapkär işgäri.