Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Kitap — ruhy hazyna
  04.10.2024
309
Kitap — ruhy hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň medeni durmuşyny, döwlet syýasatyny wagyz etmekde kitaphanalaryň alyp barýan işleri, diýseň uludyr. Şeýle işleriň hatarynda ýaşlaryň kitaphanalarda kitap okamaga, bilimlerini artdyrmaga işjeň gatnaşýandyklaryny, şeýle hem kitaphana ulgamynda elektron mümkinçiliklerden giňden ornaşdyrylandygyny bellemek bolar.  Bu bolsa, kitaphana işgärleri üçin ýeňillik döretmek bilen birlikde kitaphana barýan okyjylaryň okamaga bolan isleglerini has-da  artdyrýar.

 

Kitap okamak arkaly  talyp ýaşlar  bilimlerini we dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge mümkinçilik alýarlar. Kitaplar bize ýokary medeniýetiň, paýhasly pikirlenmäniň hem-de oýlanşykly hereketiň çür başyna çykmagy öwredýär. Kitap adamzadyň ruhy güýji, ruhy hazynasydyr. Magtymguly atamyz hem:”Kitap gören gullar, magnydan dokdur, olaryň kalbynda şeýtan bolarmy” diýip, parasatly belläp geçipdir. Ata-babalarymyzyň, aýdan pähim-paýhaslary bolan “Köp okan köp biler”, “Bir okana, bir dokana”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okaýanyň ruhy baý” diýen ajaýyp paýhas dürdäneleri kitaba goýulýan sarpanyň, onuň egsilmez ruhy gymmatlyga deňelendiginiň aýdyň şaýadydyr.  Islendik okalan kitap adamlara uly täsir edýär we okalýan her täze kitap adamlara gözýetimlerini giňeltmäge kömek berýär. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan kitaphanalaryň işini has-da kämilleşdirmeklige we ýurduň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagyna, okyjylar üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň elýeterliligini gazanmaklyga uly üns berilýär. Şeýle bolansoň kitaphana ulgamynda zähmet çekýän her bir hünärmen jemgyýetimizde kitaphonlyk medeniýetini ösdürmekligi öz öňünde duran uly borç hasaplap, ony mynasyp berjaý etmek üçin yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň hünärmenleri sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem-de olarda talabalaýyk hyzmat edilmegi okyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
   

Ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň dürli kitaplar bilen üpjünçiligi möhüm şert bolup durýar. Döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy döredilýär. Kitaphanalaryň kitaplar bilen üpjünçiligi birkemsiz berjaý edilýär. Olaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, elektron görnüşli kitaplar ulgamlary bilen üpjün edilmegi giň gerime eýe bolýar. Biziň bilim alýan ýokary okuw mekdebimiz bolan – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, baý kitap goruna eýe bolan kitaphana işjeň hereket edýär. Kitaphananyň işgärleri onuň işiginden baran her bir talyby güler ýüz bilen garşylap, olara öz gözleýän eserlerini, gollanmalaryny tapmakda, zerur bolan maglumatlary agtarmaklarynda ýakyndan ýardam edýärler. Şeýle hem, çeper edebiýaty söýüji talyplara ýaş we häsiýet aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, haýsy awtorlaryň haýsy eserlerini okamagyň gowy boljakdygy barada-da maslahatlaryny hödürleýärler. Şeýle-de, institutymyzda türk kitaphanasy hem hereket edip, talyplar bu kitaphananyň hyzmatlaryndanam giňden peýdalanýarlar.

 

Biz talyp ýaşlara okamaga, dünýägaraýşymyzy, bilimimizi artdyrmaga giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny talyp ýüregimizden arzuw edýäris!

 

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnşyklary institutynyň talyby.