Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijesinde eziz diýarymyzyň halkara derejesindäki abraýy barha belende galýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, dostana häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigini her ädimde duýmak bolýar.
Garaşsyz Türkmenistan döwletine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýanyň esasynda, 185 agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde, hemişelik Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Eziz ýurdumyz ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini, bitaraplyga, ynsanperwerlige ýugrulan ýoluny dowam etdirýär. Şeýle hem türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, arzuw-hyýallarynyň, edim-gylymlarynyň hemişelik Bitaraplyk derejesine doly gabat gelmegi onuň beýleki bitarap döwletlerden aýratynlygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elmydama janlary sag, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Rowaýat KAMYLJANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň
Farap şäheriniň Çagalar we ýetginjekler
döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.