Ilon Mask, adam gatnawlaryny çaltlaşdyrmak we adamlary bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ýetirmek isleýändigini aýtdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän SpaceX kompaniýasy bu maksada dünýäde iň kuwwatly raketa hasaplanýan Starship-i ulanmagy meýilleşdirýär.
Täze usul bilen raketa bir şäherden ugramazdan ozal kosmosa uçup, ýokary 27 000 km/sag tizliginde hereket eder we başga bir yklymdaky şäherde gysga wagtda gonar. Neşiriň habaryna görä, şeýle tehnologiýanyň kömegi bilen, Londondan Nýu-Ýorka 29 minutda, Nýu-Ýorkdan Pariže 30 minutda, Şanhaýa 39 minutda, Sýurihden Sidneýe bolsa 50 minutda uçup barmak mümkin bolar.
SpaceX-iň wekilleri bu raketanyň bir saparda 1 000 ýolagçy göterip biljekdigini, emma petegiň bahasynyň müňlerçe dollar boljakdygyny bellediler. Ilon Mask bu tehnologiýany diňe bir ýeriň üstündäki gatnawlarda däl, Marsa adam ugratmak ýaly ägirt maksatlar üçin hem ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu taslama ýolagçy daşama ulgamyny düýpgöter üýtgedip, döwrebap derejä çykarar.
Perhat Mätkerimow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.