Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy pugtalanýar
  18.11.2024
36
Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy pugtalanýar

2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri we geljegi uly bolan ugurlary barada pikir alyşmalar geçirildi. Taraplaryň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has işjeňleşdi.

 

TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýylda «Türki dünýesiniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi we Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi, şeýle hem Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly 40-dan gowrak çäreler geçirildi. Bu şanly senelere bagyşlanyp dabaralar guraldy, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, şekillendiriş sungaty biennalesi, muzeý ýolbaşçylarynyň duşuşygy we halkara «Gorkut ata» kinofestiwaly ýaly möhüm çäreler geçirildi.

 

Duşuşykda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň geňeşiniň mejlisi we türki halklaryň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek barada pikir alyşmalar alnyp baryldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň guralyşy barada maslahatlaşyldy.

 

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.

 

Annasapar ILMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.