Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda, adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär. Döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli we ol her bir ýaş nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmaly.
Bilşimiz ýaly, sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleriniň miwe berýän sanly dünýäsinde kiberhowpsuzlyk tehnologiýanyň möhüm tarapy hökmünde ýüze çykdy. Internet ulanyjylarynyň, sanly hyzmatlaryň kämilleşmegi umumadamzat nesli üçin ägirt uly mümkinçilikleri döretdi. Netijede, kibernetik giňişlikdäki ulgamlaryň, maglumatlaryň we ulanyjylaryň howpsuzlygyny we bitewiligini üpjün etmek öňküsinden-de has möhüm wezipeleriň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, biz hem kiberhowpsuzlygyň esaslary, kynçylyklary we sanly dünýämiz üçin näderejede dereaýysdygy dogrusynda düşündiriş bermegi maksadymyza muwapyk bildik.
Kiberhowpsuzlyk bu näme? Kiberhowpsuzlyk kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramakdyr. Ol ulgamlara birugsat girmekden, maglumatlaryň bozulmagyndan we beýleki kiber howplardan goramak üçin döredilen dürli gurallary, tehnologiýalary we amallary öz içine alýar.
Kiberhowpsuzlyk tor howpsuzlygy, maglumat howpsuzlygy, programma howpsuzlygy, amal howpsuzlygy, Betbagtçylyklaryň öwezini dolmak we işiň dowamlylygy gazanmak ýaly dürli ugurlara bölünýär. Tor howpsuzlygy ulgamy torlary çozuşlardan ýa-da bökdençliklerden goramak arkaly tranzitdäki maglumatlaryň bitewiligini, gizlinligini we elýeterliligini goraýar. Maglumat howpsuzlygy möhüm maglumatlara birugsat girmekden, kimdir biriniň ýa-da haýsydyr bir kompaniýanyň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden, üýtgetmekden we ýok etmekden goramagy öz içine alýar. Programma howpsuzlygy programma üpjünçiliginiň goraglylygyny üpjün edýär. Amal howpsuzlygy bolsa, maglumatlaryň elýeterliligine we paýlaşylmagyna ünsi jemläp, maglumatlary dolandyrmak we goramak syýasatlaryny hem-de proseduralaryny öz içine alýar. Betbagtçylyklaryň öwezini dolmak we işiň dowamlylygy gazanmak ulgamy bolsa meýilnamalary guramalaryň kiberhüjümlerden ýa-da beýleki howply hadysalaryndan goraýar.
Ilkibada kiberhowpsuzlyk ulgamy diňe bir tehnologiýa hünärmenlerine degişli ugur hasaplanylan hem bolsa, häzirki wagta kiberhowpsuzlyk ulgamyny bilmek dünýädäki her bir adam we gurama üçin zerurýet. Sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza ornaşmagy esasynda kiber howplaryň ähtimallyk ýagdaýy has-da ýokarlandy. Hut şoňa görä-de, kiberhowpsuzlyk ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak hökmanydyr. Sebäbi kiberhowpsuzlyk maglumatlary goramak, maliýe ýitgileriniň öňüni almak, milli howpsuzlygy goramak ýaly möhüm wezipeleri amala aşyrýar.
Kiberhowpsuzlyk ulgamy islendik bir guramanyň, edaranyň ýa-da kärhananyň sanly serhedini goramak üçin hereket edýän ulgam hem bolsa, bu ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmäge şol guramanyň, edaranyň ýa-da kärhananyň her bir hünärmeniniň ýeterlik derejede täsir edýändigini bellemek möhümdir. Çünki kiberhowpsuzlyk her bir ulanyjydan täsirlenýär. Aslynda ýer ýüzünde bolup geçýän kiber hüjümleriň aglabasyna hüjüm edilen guramanyň, edaranyň ýa-da kärhananyň hünärmenleriň goýberýän ujypsyzja ýalňyşlygy sebäpkär.
Eýsem, bu ýalňyşlyklar haýsylar? Biz olary iş ýerimiziň hünärmeni hökmünde nädip düzedip bileris? Ilki bilen adaty bolmadyk, öň hiç ýerde gaýtalanmadyk, çylşyrymly parollary ulanmagymyz hökmanydyr. Çünki gowşak ýa-da gaýtadan ulanylan parollar hüjümçileriň hasabyňyza girmeginiň aňsat usulydyr. Çylşyrymly parollary döretmek we saklamak üçin parol dolandyryjysyny ulanmak bu töwekgelçiligi azaldyp biler. Iki faktorly howpsuzlyk ulgamyny işjeňleşdiriň! Meselem, iş ýeriňiziň hasabyny açanyňyzda ikinji tassyklama görnüşini, has takygy telefonyňyza iberilmeli tassyklaýyş koduny talap edip, goşmaça howpsuzlyk gatlagyny dörediň.
Kiber howplarynyň ýygylygynyň we çylşyrymlylygynyň artmagy bilen güýçli, işjeň çäreleriň zerurlygy öňküsinden has möhümdir. Kiberhowpsuzlygyň ähmiýetine düşünmek, umumy howplary bilmek we öňdebaryjy tejribäni ulanmak bilen sanly durmuşymyzy gorap, has ygtybarly geljegi gurup bileris. Kiberhowpsuzlyk tehnologiki ösüşler bilen birlikde ösmegini dowam etdirer. Sanly dünýämiziň sansyz başdangeçirmeleri içre hüşgärligi elden bermäliň!
Maede ABBASOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň talyby.