Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygyndadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar naýbaşy orunda durýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri peşgeş bermegi ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanç duýgularyna gaplady. Bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berlip, ol ýaşlaryň ylham çeşmesidir, her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şu ýyl täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilip, ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlandy. Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlarymyz üçin edilýän çäksiz aladalaryň aýdyň nyşanydyr.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.